MAKALA

Uçýan penjek

«Gravity Industries» şereketiniň öndüren uçýan «Gravity Jet Suit» geýimi edil filmlerdäki gahrymanlaryň geýimine meňzeýär. Arkasynda we ellerinde oturdylan bäş sany turbina hereketlendirijileri bu geýime çalasynlyk berýär. Bu geýim 3D-nusga ediji printerinde döredilendir, şonuň üçin hem onuň agramy bary-ýogy 27 kg deňdir. Ol 3650 metr ýokary galyp, 90 km sagat tizlik bilen hereket edip bilýär. Emma onuň ýangyjy 9 minuda ýetýänligi sebäpli, bu enjamyň döredijisi adamlara ýerden has ýokary uçmazlygy maslahat berýär. Bu bolsa, reaktiw geýmiň ýeke-täk we örän zerur ýetmezçilikleriniň biridir.

  • 32
  • 23.09.2019