MAKALA

Türkmenistanyň we Belarussiýanyň Hokkeý federasiýalarynyň arasyndaky ylalaşyga gol çekildi

Belarussiýa Respublikasynyň Hokkeý federasiýasynyň resmi saýtynyň (hockey.by) ýazmagyna görä, 21-nji sentýabrda Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň ýolbaşçysy Jora Hudaýberdiýew bilen ýerli federasiýanyň ýolbaşçysy Gennadiý Sawilow hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga gol çekdiler.

Resminama, ilkinji nobatda, uzak wagtlaýyn hyzmatdaşlygy, maglumat we tejribe alyşmagy, bilelikdäki türgenleşikleri geçirip, halkara tejribäni artdyrmagy maksat edinýär. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir milli ýygyndylar ýa-da ýurtlaryň çempionatlarynda çykyş edýän toparlar babatynda bolman, çagalaryň, hatda zenanlaryň hokkeýini ösdürmäge çenli giňeler.

Gelnen Ylalaşyga görä, belarusly hünärmenler Türkmenistanyň hokkeý çempionatynyň derejesini güýçlendirmäge we çagalar hokkeýini ösdürmäge ýardam bererler. Munuň üçin belarus hünärmenleriniň Türkmenistanda saparda bolmagy hakynda hem ylalaşyldy.

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysynyň dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynda üstünlikli çykyş edip, ýokarky dwizionlara çykmak maksadynyň bardygyny ýatladýarys.

  • 25
  • 23.09.2019