MAKALA

Baş baýramymyza bagyşlandy

Ýakynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli yglan edilen «Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň iň ökde aşpezi, çörek bişirijisi» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda oňa gatnaşýan hünärmen esgerler ilki bilen sowalnama çekdiler we öz bijelerinden çykan çörek önümleriniň, tagamlaryň, işdäaçarlaryň, şerbetli içgileriň dürli görnüşlerini taýýarlamaga girişdiler. Elleri süýji esgerleriň taýýarlan tagamlary esger saçagynyň bezegine öwrüldi. Bäsleşigiň emin agzalary esgerleriň taýýarlan çöreklerini, naharlaryny, işdäaçarlaryny, şerbetli içgilerini tagamlary arkaly bahalandyrdylar we bäsleşigiň şertlerine laýyklygyny seljerdiler hem-de ýeňijileri yglan etdiler. Dogrusy bäsleşigiň ýeňijisini ýüze çykarmak emin agzalaryna kän aňsat hem bolmady. Çünki esgerler bäsleşige örän taýýarlykly gelipdirler. Munuň şeýledigi bäsleşigiň geçýän pursatlarynda we olaryň taýýarlan tagamlarynyň netijesinde aýdyňlygy bilen ýüze çykdy.

Şeýle-de bolsa bäsleşik bäsleşikliginde galýar. Onda hökman biri ýeňiji bolmaly. Eminleriň adalatly baha bermegi netijesinde aşpez esgerleriň arasynda 1-nji orna Ýolaman Aşyrow, 2-nji orna Döwlet Bäşimow, 3-nji orna Kemal Gylyçmyradow dagylar mynasyp boldular. Çörek bişiriji esgerleriň arasyndan bolsa 1-nji orna Döwran Hekgiýew, 2-nji orna Pälwan Agaýusubow, 3-nji orna Begenç Mämmedow bilen Agadurdy Baýramow dagylar mynasyp boldular.

Bäsleşikde ýeňiji bolanlara we işjeň çykyş eden harby gullukçylara Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Baýraklaryňyz we baýramlaryňyz gutly bolsun, dost-doganlyk serhedimizi goraýan hünärmen gerçekler!

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 31
  • 23.09.2019