MAKALA

Türkmenistanly mugallym Astrahanyň Magtymguly adyndaky mekdebinde okadyp başlady

Rus tarapynyň çagyrmagy esasynda 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň başynda Astrahan welaýatyna türkmen dili mugallymy Resul Şajiýew geldi, ol Astrahan welaýatynyň Priwolžsk etrabynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky umumy bilim berýän mekdebiniň okuwçylaryny türkmen dili dersleri boýunça okadyp başlady.   

Türkmen dili Astrahan welaýatynda ilkinji sapar okadylýandyr. Etnik türkmenleriniň ýaşaýan Funtowo obasynyň ýaşaýjylary bu habary uly şatlyk bilen garşyladylar. Şeýlelikde, ilkinji sapaga diňe okuwçylar däl, eýsem olaryň ene-atalary hem gatnaşdylar. 

Bu ädimiň hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etjekdigi şübhesizdir. Bu mekdepde türkmen dili diňe täze bilimleri öwrenmek üçin däl-de, eýsem türkmen halkynyň baý medeniýeti bilen has ýakyndan tanyşmak üçin giňişleýin peýdalanylar. 

Bu mekdebiň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda türkmen tarapy tarapyndan gurlandygyny bellemek zerurdyr.

  • 26
  • 24.09.2019