MAKALA

Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, «Esger» hem-de «Nesil» gazetleriniň redaksiýalarynyň bilelikde «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň başyna yglan eden «Esger kalbynyň joşguny» atly çeper-döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.  Oňa bu bäsleşigiň harby bölümlerde ýeňiji bolan çagyryş boýunça harby gullukçylary gatnaşdylar.

Nurana Mätiýew, Gapbar Gubaýew, Allaberen Tuwakow, Röwşen Maksatmyradow, Hanmuhammet Meredow, Şirmuhammet Meredow, Süleýman Haýdarow, Nurýagdy Aýmämmedow, Ybraýymjelil Amanow, Polat Reýimbaýew, Azat Allakulyýew, Garahanjar Baýhanow, Azat Aganyýazow, Aşyrnyýaz Welmyradow hem-de Kerim Saryýew dagylar gözel paýtagtymyzyň golaýynda ýerleşýän harby bölümde geçirilen sylag gowşuryş dabarasynyň arzyly myhmanlary boldular.

Dabarada zehinli esgerler öz ýazan goşgulary bilen çykyş edip, emin agzalaryna ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ol okalan goşgularyň arasynda «Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň, «Nesil» hem-de «Esger» gazetleriniň sahypalarynda çap bolanlary-da bar. Bäsleşikde serhetçi esgerleriň joşgunly goşgularyny diňläp, suratkeş esgeriň çeken suratlaryny synlap, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dost-doganlyk serhediniň goragynda duran merdanalara buýsanjymyz artdy.

«Serhet owazlary» aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren çykyşlary-da bäsleşige ýokary ruhubelentlik nuruny çaýdy. Ýaňlanan watançylyk, edermenlik, batyrlyk hakyndaky aýdymlar bu ýere ýygnanan harby gullukçylary Watan goragyna has-da ruhlandyrdy.

Dabaranyň ahyrynda harby bölümlerde ýeňiş gazanan esgerlere Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary gowşuryldy.

Bu bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň çäklerinde esgerler Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerine — «Garaşsyzlyk» hem-de «Ylham» seýilgählerine gezelenç etdiler. Şeýle-de bäsleşigiň geçýän günlerinde serhetçi esgerler ýaş zehinleri ýüze çykarýan «Bagtyýarlyk ylhamy» gepleşigine-de gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Serhetçi esgerler şeýle döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 33
  • 24.09.2019