MAKALA

Sürüjisiz awtobus

Häzirki wagtda awtopilot bilen dolandyrylýan ulaglar okgunly ýagdaýda meşhurlyk gazanýarlar. Sürüjüden boýun gaçyrmak maksady eýýäm jemgyýet transport serişdeleriniň hem köp bölegini eýeläp başlady, ýöne dogrusyny aýtsak häzirlikçe esasy kiçijek awtobuslary awtopilot ýagdaýda synagdan geçirýärler. Beýik Britaniýada sürüjüsiz özüni dolandyryp bilýän uly göwrümli awtobuslary döretmek hakynda gyzyklanýarlar. Bu taslamany Enviro200 diýip atlandyrdylar.

Enviro200 nusgasy – bu awtobusyň uzynlygy 11,5 metr bolup, oňa 43 ýolagçy ýerleşip bilýär. Hereketiň gözegçiligi CAVstar ulgamynyň kömegi bilen amala aşyrylýar. Bu täze jemgyýet ulagynyň Angliýanyň köçelerine çykjak wagty 2020-nji ýylda boljakdygy belli edildi.

 

  • 26
  • 24.09.2019