MAKALA

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli serhetçileriň arasynda geçirilen dabaralar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde we serhet galalarynda aýdym-sazly baýramçylyk çärelerine, döredijilik duşuşyklaryna, bäsleşiklere giň gerim berildi.

Şanly baýramymyz mynasybetli dost-doganlyk serhedimiziň ygtybarly goragyny üpjün etmekde, harby kasama, borja wepalylyk bilen gije-gündiz özlerine ynanylan jogapkärli gullugy ak ýürekden ýerine ýetirmekde aýratyn tapawutlanan serhetçileriň ençemesi nobatdaky harby atlardyr hormat hatlary, ýörite sowgatlar bilen höweslendirildiler. Watan goragynda jogapkärli gulluk borçlaryny berjaý edýän ýurt goragçylarynyň arasynda geçirilen baýramçylyk çykyşlary täsirli boldy.

Şanly toýuň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli jemi jemlenen «Esger kalbynyň joşguny» bäsleşiginde bolsa, serhetçi esgerler tarapyndan ata Watanymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň beýik özgertmeleriniň, dost-doganlyk serhedimiziň, bagtyýar döwrümiziň we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspy belentden ýetirildi.

Hünärmen esgerleriň arasynda çörek bişirmek we ýörite naharlary taýýarlamak boýunça geçirilen bäsleşikde bolsa, taýýarlanan süýjiden-süýji esger aşhanasyna mahsus tagamlardyr işdäaçarlar, ýumşak çörekler toý saçagyna aýratyn bezeg berdi. Ýurdumyzyň çar künjünde ýerleşýän harby bölümleri tarapyndan giňden dabaralandyrylan baýramçylyk çäreleri tebigy we taryhy ýerlere edilen gezelençler, döredijilik we sport bäsleşikleri bilen hem utgaşdy. Dabaranyň hormatly myhmanlary hökmünde çagyrylan hormatly il ýaşulularydyr jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, halypa serkerdeler ýurt Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti hem-de bu ýyllar içinde ýetilen beýik sepgitler, döwrümiziň bagtyýarlygy hakynda gyzykly gürrüň berdiler.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 28
  • 26.09.2019