MAKALA

Üstünligiň syry

Başyna baran ähli işleriň hiç hili kynçylyksyz, aňsatlyk bilen ýerine ýetirilip dursa, onda durmuşyň gyzygy bolarmyka?! Oňa özüm-ä gyzykly bolar, ýa bolmaz diýip biljek däl, sebäbi men durmuşda näme gazanan bolsam, olaryň köpüsini kynçylygy ýeňip geçmek bilen gazandym.

Aslynda biziň arzuwlarymyz, maksatlarymyz kän. Biz olaryň çalt amala aşmagyny isleýäris. Ýöne isleg bir başga, nesibe bir başga. Şol arzuwlarymyz wagtynda amala aşmadyk ýagdaýynda, «Nesibeli gün geler» diýip özümizi köşeşdirmegi başarsak, kynçylygy ýeňmek üçin güýç toplamaga, paýhasymyzy durlamaga pursat taparys.

Ýöne kynçylyga garşy göreşmekden el çeken günümiz biziň ondan ýeňildigimizdir. Şonuň üçin biz kynçylygy öňümizde dyza çökermegi öwrenmeli. Munuň üçin bolsa biz özümizde gaýduwsyzlygy, mertligi terbiýelemeli.

Dogry, kynçylygy wagtlaýynam bolsa, ýeňip geçip bilmezlikde gaýry bir kişiniň täsiri bolmagy mümkin. Ýöne şol täsiri ýeňip geçip biljegiňe ynamyň bolmaly, hiç wagt kynçylygy ýeňjegiňe ynamyňy gaçyrmaly däl.

Aňsatlyk bilen gazanylan zadyň arzysy azdyr. Islendik gazan ýeriňden altyn-kümüş ýa-da göwher çykyp duranog-a. Şolaryň bar diýilýän ýerindenem emçeme müň tonnalap gum elenenden soň, jinnek ýalysy tapylanda, gör, nähili begenilýär. Şonuň üçin olaryň arzysy-da, bahasy-da ýokary. Biziň durmuşda kynçylyk bilen gazanan zatlarymyz altyn-kümüşdenem, göwher-zümerretdenem gymmatlydyr.

Sen haýsydyr bir üstünlige ýeteniňde gutlap geljek kändir. Şol pursatda hakyky dostuň kimdigini bilmersiň. Emma kynçylyk dost-duşmanyňy saýlamagyňa pursat döreder. Sebäbi seniň iň ýakynyň kyn günüňde hemaýatçyň bolar. Kynçylykda kim seni goldasa, hemaýat etse, saňa ýakyn adam şoldur. Halkymyzda «Sabyr soňy sap altyn» diýen bir nakyl bar. Magtymguly atamyzam:

Bisabyr gul tiz ýolugar belaga,

Sabyrly gul dura-bara şat bolar

diýmeýärmi näme? Emma bu eliňi gowşuryp oturmaly diýildigi däl. Sabyrlylyk barada bu aýdylanlar kynçylyga garşy paýhasly, oýlanyşykly göreş alyp barmalydygyny aňladýar. Şeýtsek, ozalda-ahyrda kynçylyk bizi däl-de, biz kynçylygy ýeňeris.

 

Nurberdi Dädebaýew.

  • 32
  • 26.09.2019