MAKALA

Stambulda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U-19) «Sultanbeýli Sporuň» ýaşlaryny ýeňdi

Häzirki wagtda Türkiýäniň Stambul şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U19) birinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Aziz Kambarowyň tälim berýänleri ýerli «Sultanbeyli Spor» (U19) toparyny 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etmegi başardylar. Ýygyndy toparymyzyň gollaryny Şamämmet Hydyrow (11 m.j.u.), Aly Borjakow hem-de Igor Sekow öz atlaryna ýazdyrdylar ― diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Ýaşlar ýygyndymyzyň Stambul şäherindäki türgenleşik ýygnanyşygynyň 2-nji oktýabra çenli dowam edýändigini ýatladýarys.

Ýeri gelende bellesek, 2020-nji ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň «B» toparçasynda çykyş edýän ýaşlar ýygyndymyzyň garşydaşlary Kataryň, Ýemeniň hem-de Şri-Lankanyň ýygyndylary bolarlar. Saýlama tapgyry şu ýylyň 4-10-njy noýabry aralygynda Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçiriler.

  • 21
  • 26.09.2019