MAKALA

ABŞ-da Griffin II atly täze tanky görkezdiler

Amerikanyň Kuantiko şäherinde geçirilen Modern Day Marine 2019 serginiň konferensiýasynyň barşynda bu tankyň görnüşiniň tanyşdyrylyşy boldy.

Griffin II atly tanky ýakynda görkezilen Griffin I tankynyň bazasynda işläp taýýarlaýarlar. Griffin II M1A2SEPv2 Abrams tankynyň başnýasynyň üýtgedilip ýeňilleşdirilen görnüşi bilen harby tehnika ASCOD 2-ni özüniň şassisinde jemleýär. Bu täze ýeňil tanka XM360 kysymly täze 120 mm topy oturdylandyr.

Bu harby tehnikanyň umumy agramy 30 tonna barabardyr we ol ondan hem ýokary agrama eýe bolup biler. Griffin II söweş tankynyň başnýasy modul bronuna (okgeçmez) eýe bolar.

ABŞ-nyň Ýaragly güýçleriniň talabyna laýyklykda Mobile Protected Firepower maksatnamasyna gatnaşmak üçin amerikan harbylary tarapyndan ýakynda saýlanyp alnan iki sany jemleýji taslamalaryň biri Griffin II boldy.

 

  • 24
  • 26.09.2019