MAKALA

Baş meýdançada dabaraly ýöriş geçirildi

Şu gün — 27-nji sentýabrda şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzdaky Baş meýdançada geçirilen dabaraly harby ýörişden ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleri geçdiler. Bu dabaraly ýörişe Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary hem gatnaşdy. Dabaraly ýörişde harby gullukçylaryň serlerini dik tutup, nyzam bilen ynamly öňe gadam goýmaklary watansöýüjiligiň belent nusgasyny dabaralandyrdy.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň durmuşa geçirýän harby özgertmeleriniň çäklerinde harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertleri gowulandyrylýar, olaryň üpjünçilik binýady ýokarlandyrylýar. Munuň şeýledigine şu gün Baş meýdançada ynamly gadamlar bilen dabaraly harby ýörişden geçen serhetçileriň egnindäki täze harby lybaslary hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Edermen, gaýduwsyz, merdana Watan goragçylary Garaşsyzlyk baýramymyzyň şanyna geçirilýän şu günki dabaraly ýörişde serlerini dik tutup, ýurt goragynyň ynamly gollardadygyny ýene bir ýola dabaralandyrdylar.

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 44
  • 27.09.2019