MAKALA

Döwrebap tehnikalar — dabaraly ýörişiň bezegi

Şu günler şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreler giň gerime eýe bolýar. Baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzyň Baş meýdançasynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň gatnaşmagynda dabaraly ýöriş geçirildi. Bu dabaraly ýörişde goranyş kuwwatly goşunymyzyň döwrebap harby tehnikalaryna aýratyn orun berildi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň kabul eden harby özgertmeleriniň netijesinde Milli Ýaragly Güýçlerimiziň ähli goşun görnüşleriniň binýadyna gelip gowşan häzirki zaman harby tehnikalarynyň bu ýerden kerwen gurap geçmegi, ýurt asudalygynyň goragynyň mizemezliginiň, sarsmazlygynyň kepili boldy.

«Serhet abat — Döwlet abat».  

 

  • 32
  • 27.09.2019