MAKALA

Asman giňişliginiň laçynlary

Garaşsyzlyk baýramymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen harby ýörişde ýurt goragyna asman giňişliginden gözgeçilik edýän uçarlarymyz, dikuçarlarymyz dabaranyň aýratyn bezegi boldy. Asman giňişliginde dürli öwrümleri, çylşyrymly uçuşlary ussatlyk bilen amala aşyran ezber uçarman harby gullukçylarymyz bu günki dabaraly ýörişiň asmandaky ajaýyp sazlaşygyny emele getirdi. Bu bolsa ýurt goragynda gazanylýan we ýetilýän täze sepgitleri, giň mümkinçilikleri, döwletimiziň şu günki kuwwatyny görkezdi.

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 47
  • 27.09.2019