MAKALA

Garaşsyzlyk baýramynda Milli Goşunymyzyň kuwwaty dabaralandy

Şu gün ata Watanymyz Türkmenistanda uly toý, uly baýram. Ýurdumyzyň ähli künjeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk toýy giňden bellenilip geçilýär. Ak şäherimiz Aşgabatda geçirilen baýramçylyk dabarasy hem halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň waspy bolup dünýä doldy. Paýtagtymyzyň Baş meýdançasynda geçirilen dabaraly harby ýörişde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwaty dabaralandy.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bu günki gün üstünlikli durmuşa geçirýän harby özgertmeleriniň miweasi bolan we dabaraly ýörişden geçen dünýäniň iň kämil harby önümleri bolan tehnikalar, uçarlar, dikuçarlar Watan goragyny üpjün etmekde döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň subutnamasy bolup örboýuna galdy.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

 

 

  • 39
  • 27.09.2019