MAKALA

Bedew atlar Baş meýdançada

Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli Baş meýdançada geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşan bedew atly harby gullukçylaryň toparynyň dabara özboluşy öwüşgin çaýdy.

«At — ýigidiň myrady». Bedew atlaryň söweşlerde ýeňiş gazanmakda, ýigitleriň iňňan möhüm ýardamçysy, galyberse-de goşunyň esasy kuwwaty bolandygyna taryh şaýat. Şonuň üçin hem türkmen bedew atyna «wepaly syrdaşym» diýip ýüzlenýär, ony hany-manyna deňeýär. Bedew atlara aýratyn hormat goýýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Ganatly bedewler», «Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly ajaýyp eserlerinde hem gamyşgulak, ynsan deýin syzgyr atlarymyz barada aýdyp geçýär.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz yhlasyndan kemal bolan we dabaraly harby ýörişden geçen bedew atly harby gullukçylar pederlerimize mahsus dogmy, gaýratlylygy görkezdiler, halkymyzyň ýene bir ýola buýsanjyna öwrüldiler.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 29
  • 27.09.2019