MAKALA

Ynamly gollarda Watan goragy

Watan mukaddeslikleriň iň beýigi. Adamzat üçin durmuşda ençeme ezizlikler bolýar. Şolaryň ählisi-de Watanyň gujagynda jemlenen. Şonuň üçin-de özüne durmuşda iň ýakyn bolan mähribanlyklary goýnunda jemlän Watany, onuň gysym topragyny türkmen janyndan-da eziz görýär. Oguz han atamyzyň: «Ser bereris, emma ýer bermeris» diýen sözleri hem muňa şaýatlyk etmeýärmi näme?! Şunuň ýaly düşünjäni gursagynda göteren we oňa tä soňky demine çenli gulluk eden şeýle şöhratly şahsyýetleriň nesilleri — türkmen esgerleri — ogul-gyzlary üçin eždatlarymyzyň nusgalyk ýollary bu gün ýörelge bolup durýar.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watan asudalygyny goraýan gerçekler Watanyň kerem-keramatyna çuň düşünip, onuň goragynda kirpiklerini kirpiklerine gatman, sak durýarlar. Çünki bu gaýduwsyzlaryň gursagynda pederlerimize mahsus watansöýüjilik, lebzihalallyk, ar-namys duýgulary umman ýaly gözýetmez. Şeýle-de olar hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň şahsy göreldesine eýerýärler, «Halk» hem-de «Watan» diýen mukaddes sözler özboluşly sena ýaly utgaşykly gelip, ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň durmuş şygaryna öwrülmelidir» diýen örän manyly jümlesini gursagynda göterýärler.

Munuň şeýledigine şu gün ýurdumyzyň paýtagtynda Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişde berdaşly ýigitlerimiziň we ýurt goragyna ykbalyny baglan zenanlarymyzyň buýsanç bilen gadam urup geçişleriniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Bu günki gün ýigitler bilen egin-egne berip, ýurdumyzyň asudalygynyň üpjün edilmegine, Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine saldamly goşant goşýan türkmeniň harby zenanlarynyň harby ýörişden geçen pursatlaryny synlanyňda, taryhda öçmez yz goýan Tumar şa, Altynjan hatyn, Selime soltan, Çiçek hatyn we beýleki şöhratly türkmen zenanlary hakynda oýlananyňy duýman galýarsyň.

Buýsançly başlaryny belent tutup, dabara meýdançasyndan geçen, milli Ýaragly Güýçlerimiziň dürli goşun görnüşlerinde gulluk edýän ýigitlerimiz özleriniň şöhratly geçmişine buýsanyp, Garaşsyzlygymyzy dabaralandyrdylar. Çünki Garaşsyzlyk Türkmenistan ýurdumyzy we türkmen halkyny dünýä tanatdy. Garaşsyzlyk Watanymyzyň we onuň gujagyndaky raýatlarymyzyň ykballaryny özgertdi. Garaşsyzlyk hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda biziň döwletimizi kuwwatly ýurt hökmünde Ýer ýüzüne äşgär etdi. Şonuň üçin-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň: «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr» diýşi ýaly, mukaddes Watanymyza, mähriban halkymyza, şonuň ýaly-da Garaşsyzlygymyza söýgümiz hem guwanjymyz çäksizdir.

 

Kamar Saparow. 

  • 77
  • 27.09.2019