MAKALA

Baýramçylyk mynasybetli geçirilen dabara

Şu gün — 27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk baýramy mynasybetli aýdym-sazly çäreler, harby gullukda, söweşjeň taýýarlykda we okuw sapaklarynda tapawutlanan harby gullukçylary sylaglamak dabaralary boldy.

Baş baýramymyz mynasybetli geçirilen dabaralar ýokary ruhubelentligine beslenip, bu ýere ýygnananlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Baý many-mazmuna eýe bolan çykyşlar, ýerine ýetirilen aýdym-sazlar edebi we medeni sazlaşygy emele getirip, Watan goragynyň mizemezligini üpjün etmäge bolan isleg-arzuwlarymyzy goşalandyrdy. Dabaranyň çäklerinde tapawutlanan harby gullukçylara harby atlar, döşe dakylýan nyşanlar, hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Soňra harby aýdym-saz toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan joşgunly aýdymlar watansöýüjiligiň belent nusgasyny dabaralandyrdy. Dabaralaryň ahyrynda ýygnananlar hormatly Belent Serkerdebaşymyza döredip berýän çäksiz mümkinçilikleri üçin çäksiz sagbolsunlary aýtdylar.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 36
  • 27.09.2019