MAKALA

Sanly bilim ulgamy ösüş ýolunda

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bilim edaralaryny täze okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalary bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.

Ýaş nesliň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynyň hem-de ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmagynyň, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy. Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Konsepsiýanyň esasy wezipeleriniň hataryna:

- bilim edaralarynyň arasynda özara ýeke-täk bilim toruny döretmek, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň innowasion usullaryny işe ornaşdyrmak maksady bilen, ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak;

- dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary (elektron okuw kitaplary, gollanmalary, wideo, audio materiallary, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplaryny, maglumat kitapçalaryny we beýlekileri) işläp taýýarlamak;

- bilim edaralarynyň elektron kitaphanalaryny bir bitewi ulgama birikdirmek, sanly bilim tehnologiýalaryny ulanmak we dolandyrmak boýunça mugallymlary we degişli hünärmenleri taýýarlamak;

- maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagyny işjeňleşdirmek esasynda bilimiň hilini ýokarlandyrmak, şeýle-de Türkmenistanyň bilim edaralarynyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy iş tejribelerini ýaýratmak maksady bilen, hemişelik hereket edýän seminarlary guramak degişlidir.

Biz hem şeýle asylly maksatlara eýerip, sanly bilim ulgamyny ösdürmäge öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Goý, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mugallymlara döwrebap usulda bilim bermek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Silap Aşyrow,

TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy.

  • 24
  • 01.10.2019