MAKALA

«Tornado» reaktiw zalp ot açyş ulgamy

Tornadonyň RZOAU (reaktiw zalp ot açyş ulgamy) – bu köne «Grad» ýaragyny täzelemek üçin meýilleşdirilen Russiýa Federasiýasynyň raketa harby senagatynyň iň soňky önümidir. RZOAU Tornado öňki SSSR-iň döwründe öndürülen ýaragyň döwrebap täze görnüşidir.

Birbada bu harby tehnikanyň iki sany täze görnüşini döredildi. Olar «Tornado-G» we «Tornado-C» diýlip atlandyryldy. Olaryň ilkinjisi 1998-nji ýylda görkezildi. Emma, Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly Güýçlerine diňe 2013-nji ýylda kabul edildi.

«Tornado-G» 40 sany raketany herekete getirýän nili özünde jemleýän Ural-4320 awtomobiliniň şassisini ulanýar. Bu tehnikanyň esasy üýtgeşme girizilen ýerleri onuň kabinasy we elektron ulgamynyň dolandyryş pultydyr. Şol sanda «Tornado-C» bolsa 12 sany raketany atmak üçin niýetlenendir we sputnik arabaglanyşyk antenini özünde jemleýär.

  • 28
  • 01.10.2019