MAKALA

Halkara bäsleşiginiň ýeňijileri

Garaşsyz ýurdumyzyň talyplary Ysraýyl döwletiniň Ariel uniwersitetinde 2019-njy ýylyň 22 — 24-nji sentýabry aralygynda matematika dersi boýunça geçirilen Açyk halkara olimpiadasynyň jemleýji tapgyrynda üstünlikli çykyş edip, ata Watanymyza hoş habar bilen dolandylar. Bu Açyk halkara ders olimpiadasynda talyplarymyz medallaryň 7-sine — 4 altyn, 1 kümüş, 2 bürünç medala, dürli derejeli diplomlaryň 4-sine we toparlaýyn bäsleşikde 2-nji orna mynasyp boldular.

Ysraýyl döwleti, Russiýa Federasiýasy, Polşa, Rumyniýa, Özbegistan, Gyrgyzystan we Türkmenistan ýaly birnäçe döwletden 23 sany topara wekilçilik eden 100-e ýakyn talybyň gatnaşmagynda geçen olimpiadanyň şahsy birinjiliginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Hamidbek Hajiýew, şol fakultetiň 4-nji ýyl talyby Ramazan Bahtiýarow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara ykdysadyýeti we menejment fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Perman Iljanow hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň tebigat bilimleri we matematika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Göwher Şükürowa altyn medala, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Jepbar Asgarow kümüş medala, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 5-nji ýyl talyplary Murat Çaşemow we Döwran Nurgeldiýew bürünç medala we degişli diplomlara mynasyp boldular.

Olimpiadanyň toparlaýyn bäsleşiginde hem talyplarymyz üstünlikli çykyş etdiler. Toparlaýyn bäsleşikde Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Seýitmuhammet Şamyradowdan, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara ykdysadyýeti we menejment fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Perman Iljanowdan, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň energo-tehnologiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Mekan Hojaýewden hem-de Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Jepbar Asgarowdan düzülen talyplar toparymyz 23 sany toparyň arasynda gowy netije görkezip, 2-nji orny eýeledi hem-de bu bäsleşige gatnaşan talyplarymyz kümüş medala we II derejeli diploma mynasyp boldy.

Şeýle ýokary derejede geçen halkara bilim bäsleşiginde talyplarymyzyň gazanan bu ajaýyp üstünligi hormatly Prezidentimiziň yglan eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim syýasatynyň has-da dabaralanýandygyny we onuň halkara derejesine çykýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň subut edýär.

 

Babamyrat Gurbanmyradow,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby

  • 28
  • 02.10.2019