MAKALA

Ýaýsyz ok bolarmy ýa-da oksuz ýaý?!

Gadym zamanlarda elindäki üýtgeşik ýaýyna çäksiz buýsanýan bir adam:

— Dünýäde taý tapylmajak ýaý mende bar. Ol «Gözsüz batyrlara» niýetlenendir. Hiç hili oka mätäçligi ýok-dur — diýse, ýaýsyz peýkamy bar başga bir adam:

— Nyşana alsaň göni degýän, ýaý gerekmez tapylgysyz peýkamymy görüň! — diýip öwnüpdir.

Gapdallaryndan geçip barýan, olaryň bu aýdanlaryny eşiden mergen:

— Siziň bu diýýänleriňiz düýbünden ýalňyş. Ýaýsyz okuň atylandygyna şaýat bolupmydyňyz?! Şonuň ýaly-da, oksuz ýaýyň nyşana degen ýerini gördüňizmi?! — diýip, ellerinden ýaýdyr peýkamy alyp kemsiz bir atyşda ur-ýan mergenligini görkezipdir. Muny synlap duran ýaýdyr peýkamyň eýeleri hakykat ýüzünde elindäki zatlarynyň ýerine ýetirmeli çyn amalyna düşünipdirler.

Bir zadyň kemsiz ýerine ýetirilmegi üçin onuň başga bir zada mätäçligi ýok diýlip hasaplanylýar. Ýöne olar özara biri-birine bagly bitewülik bolup, hakyky maksatlaryň amal bolmagyna esasdyr.

 

Tutanýerlilik

Aýdyşlaryna görä, belli ýazyjylaryň biri çaga wagtlary diňe oýun bilen gyzyklanyp, hiç zada höwesli bol-mandyr. Ýöne bir gün okuwdan gelýärkä, çeşmäniň boýundan geçmeli bolupdyr. Saçlaryna ak sepen kümüş saçly zenanyň bir küti demir bölegini ige daşyna dyngysyz çalyp oturandygyny görüpdir.

— Siz ony ýiteldip, näme etmekçi? — diýse, bu aýal:

— Iňňe ýasajak bolýaryn — diýip, jogap beripdir. Ol:

— Bu ýogyn demirden haçan iňňe çykar? — diýipdir.

Öýe geleninden soňra bolsa garryja enäniň: «Men başararyn! Onuň üçin diňe wagt hem-de isleg gerek» diýen sözleri çuňňur oýa batyrypdyr. Ol ahyry bu jogapdan özüne gerek netijäni çykarmagy başarypdyr. Şondan soňra şeýle bir tutanýerli okapdyr welin, dünýägaraýşy üýtgäpdir. Çagalygynda güýçli badalga beren bu waka onuň ady belli meşhur şahyrlaryň birine öwrülmegine sebäp bolupdyr.

Her bir işiň amal bolmagy üçin yhlas bilen sabyr gerekdir.

 

Hytaý dilinden terjime eden Mähriban Gelenowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

  • 17
  • 02.10.2019