MAKALA

Russiýanyň täze suwasty gämisi

«Boreý» synpynyň ähli suwasty gämileri diýseň ägirtdir. Olaryň herisiniň uzynlygy 160 metr bolup, ini 14 metre barabardyr we olaryň suwdaky agramy 21 müň tonna deňdir.

 190 megawattlyk OK-650B ýader güýji gurnalan bu gämi suw üstünde 28 km/sag tizlik bilen, suw astynda 54 km/sag tizlik bilen hereket etmäge ukyplydyr. Bu gäminiň uzak aralyga gitmek üçin çäksiz ätiýaçlygy bardyr. Beýle gämide diňe azyk iýmitlerinde çäklilik bolup biler.

Gäminiň tekiz süýnmek rubkasyny (rubka – gäminiň ýokarky palubasynyň üstünde ýörite gurlan jaý) Günbataryň täsiri diýip bellese bolar. «Boreýa» suw asty gämisiniň aýratyn görnüşlerinde rubkasynyň adaty däl keserip duran görnüşi bardyr.

 

  • 19
  • 02.10.2019