MAKALA

Kosmonawt öz okan mekdebinde

Mälim bolşy ýaly, meşhur ildeşimiziň ýaşlyk ýyllary Türkmenabat şäherinde geçdi. Ol şäherdäki 15-nji orta mekdebi tamamlady. Okan döwründe sport bilen yzygiderli meşgullanyp, bu ugurdan hem uly üstünliklere eýe boldy. Bu bolsa, onuň geljekde kosmonawt bolup, uly sepgitlere ýetmegini şertlendirdi.

Oleg Kononenko öz okan mekdebine soňky gezek 10 ýyl ozal gelipdi. Şu gezek hem hormatly myhmany mekdebiň mugallymlary we okuwçylary mähirli garşyladylar. Meşhur ildeşimiziň okuwçylar bilen geçiren duşuşygy ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Okuwçylar oňa özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler. Ol sowallaryň köpüsi ildeşimiziň ýaşlyk ýyllary hem-de kosmonawtçylyk işi barada boldy.

Hormatly myhman sowallaryň her birine giňişleýin jogap berdi. Halkara Kosmos stansiýasynda iş gününiň geçişi, ol ýerde alnyp barylýan işler barada durup geçdi. Kosmonawt özüniň ýakynda bolan dördünji uçuşy döwri alnan fotosuratlary okuwçylara görkezdi we olar barada gürrüň berdi. Fotosuratlar arkaly okuwçylar kosmosdan Ýeriň görnüşini synlamaga mümkinçilik gazandylar. Oleg Kononenkonyň açyk kosmosa çykan wagty düşürilen fotosurat okuwçylarda has-da uly täsir galdyrdy. Şeýle-de kosmonawt bilen birlikde almalaryň we beýleki sitrus önümleriniň howada gaýyp ýören suraty hem okuwçylary gyzyklandyrdy.

Kosmonawt okuwçylara dört gezek Ýeriň orbitasynda bolandygyny, indi bolsa bäşinji gezek uçuşy amala aşyrmagy arzuw edýändigini we oňa eýýämden taýýarlyk görýändigini aýtdy. Çagalar kosmonawt bolmak üçin nämeleriň zerurdygyny soranlarynda bolsa, onuň üçin ilkinji nobatda erjelligiň, maksada okgunlylygyň, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň, oňat okap, gowy bahalary almagyň wajypdygyny belledi.

Mekdebiň arhiwinde saklanylýan O.Kononenkonyň okan synpynyň dergisi hem oňa görkezildi. Ildeşimiz bäşlik bahalar bilen okapdyr. Esasan-da türkmen dili dersinden bäşlik bahalary alandygy aýratyn bellenildi.

Soňra hormatly myhmanyň öz synpdaşlary bilen duşuşygy boldy. Bu täsirli duşuşygyň olaryň öz okan synplarynda bolandygy bellärliklidir. Synpdaşlary kosmonawty hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Ildeşimiz öz gezeginde ýaşlyk döwrüni ýatlap, synpdaşlary, okan mekdebi, umuman, dogduk mekany bilen baglanyşykly ençeme ýatlamalaryň ýüreginde orun alandygyny belledi.

Soňra O.Kononenko mekdep bilen ýakyndan tanyşdyryldy. Bilim ojagynyň iň täze tehniki serişdeler, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandygy myhmanda ýakymly täsirleri galdyrdy. Ildeşimiz mekdebe ýene-de gelmek barada söz berdi we ähli mugallymlara, okuwçylara uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Aýsoltan Bazarowa,

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebiň

müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.

  • 27
  • 03.10.2019