MAKALA

UEFA Konferensiýa ligasyna 2021-nji ýylda badalga beriljekdigini resmi ýagdaýda yglan etdi

Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) yklym boýunça üçünji derejeli klublaýyn ýaryşyň geçiriljekdigini resmi ýagdaýda yglan etdi. Ilkinjisi 2021-nji ýylda geçiriljek halkara ýaryş Konferensiýa ligasy diýlip atlandyrylar.

Täze liga Ýewropa klublarynyň ýene-de köp sanlysyna halkara tejribesini artdyrmaga mümkinçilik berer. Täze ýaryş Ýewropanyň Çempionlar ligasyndan we Ýewropa ligasyndan soňra yklymda üçünji derejeli klublaýyn halkara ýaryş bolar. Oňa derejesi Ýewropa ligasyndan hem aşakda bolan klublar gatnaşar. Ýaryşy 32 klub bilen toparçalaýyn görnüşde başlamak göz öňünde tutulýar. Konferensiýa ligasyna ilkinji nobatda UEFA-nyň reýtinginiň aşakdaky orunlaryny eýeleýän klublaryň gatnaşmagy üpjün ediler.

Täze ýaryşyň geçirilişi hem Çempionlar ligasy bilen Ýewropa ligasyna çalymdaş bolar. Onuň toparçalaýyn ýaryşlary 32 klub bilen başlanar. Şeýlelikde, Ýewropada halkara ýaryşlara gatnaşýan assosiasiýalaryň sany 26-dan 34-e çenli artar.

Ýaryşyň giriş bölegini her birinde 4 topar bolan 8 toparça emele getirer. Soňra 1/8, 1/4, 1/2 we final duşuşyklary geçiriler. 15 hepdäniň dowamynda geçiriljek ýaryşda 141 duşuşyk oýnalar. Onuň duşuşyklary Ýewropa ligasynda bolşy ýaly, hepdäniň penşenbe günleri geçiriler. Duşuşyklar Merkezi Ýewropanyň wagty bilen 18:45-de 21:00-da başlar.

Final duşuşygy Ýewropanyň birinji we ikinji derejeli ýaryşlarynyň finaly bilen bir hepde-de geçiriler. Has takygy, bellenen hepdäniň çarşenbe güni Konferensiýa ligasynyň, penşenbede Ýewropa ligasynyň, şenbe güni bolsa Çempionlar ligasynyň finaly geçiriler. Ýeňiji bolan klub indiki möwsümde Ýewropa ligasynyň saýlama duşuşyklaryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

 

  • 16
  • 04.10.2019