MAKALA

«Huawei» kompaniýasynyň «Mate 30» we «Mate 30 Pro» atly modelleri ýörgünli

«Huawei» kompaniýasynyň «Mate 30» we «Mate 30 Pro» atly modelleri Hytaýda satuwa çykarylyp, bir hepdäniň dowamynda 1 milliondan gowragy müşderilere ýetirildi. Aslynda, bu enjamlaryň internet arkaly sargytlary satuwa çykarylandan üç sagatdan soňra bir milliondan geçipdi. Hytaý kompaniýasy ýurtda bu telefonyň satuwyny 20 milliona ýetirmegi maksat edinýär. Telefon «Google Play» applikasiýalarynyň ýoklugy bilen tapawutlanýar. Gysga wagtdan bu smartfonlar Ýewropa we dünýä bazaryna hödürlener.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

  • 18
  • 04.10.2019