MAKALA

Nusgalyk görelde

Adamzat jemgyýeti iň gowy ýörelgeleriň miras galmagy bilen dowam edýär. Şunuň özi nesilleriň arasyndaky baglanyşygy has­-da pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň atasy, mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ýokary nusgalyk göreldesi bütin halkymyz üçin edep-terbiýäniň, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň mekdebidir. Berdimuhamet aganyň Watany goramakda, ýaş­lara bilim bermekde bitiren işleri, maşgala, perzent terbiýesi babatynda kämil ýörelgesi, ýokary adamkärçiligi kalbymyzda ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, watançylyk duýgulary ösdürýär.

Mu­gal­lym, es­ger, il­ha­lar yn­san Ber­di­mu­ha­met aga­nyň, içe­ri iş­ler eda­ra­la­ryn­yň hormatly weterany, Wa­ta­nyň we­pa­ly og­ly Mä­lik­gu­ly aga­nyň nus­ga­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ni do­wam ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň we hal­ky­my­ zyň, ga­ly­ber­se­-de bü­tin dün­ýä­niň öňün­de bi­ti­ren we bi­tir­ýän iş­le­ri bol­sa be­ýik şah­sy­ýet­le­riň do­wa­ty­nyň do­wam­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.

Hal­ky­myz­da «Owal akan ýe­rin­den akar­myş aryk» diý­len aýt­gy bar. Nesillere bilim öwreden, gaý­duw­syz es­ger, be­ýik yn­san Ber­di­mu­ha­met mu­gal­ly­myň ka­ka­sy An­na ser­dar ile baş bo­lup, ýur­dy go­ran be­ýik şah­sy­ýet bo­lup­dyr. Ber­di­mu­ha­met mu­gal­lym hem oba ila­ty­nyň ag­zy­ny bi­rik­di­rip, oba­da mek­dep gur­du­ryp, ýaş­la­ra bi­lim ber­mek ýa­ly asyl­ly kä­riň ha­ky­ky eýe­si bo­lup­dyr. Şeý­le hem ol Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şu­na gat­na­şyp, ýa­lyn­ly sö­weş meý­dan­la­ryn­da duş­ma­na gar­şy gaý­duw­syz gö­re­şip, wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni gör­ke­zip­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ata­sy ha­kyn­da­ky «Mu­gal­lym, es­ger, il­ha­lar yn­san Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň ömür ýo­ly» at­ly ki­tap­da hem Ber­di­mu­ha­met aga­nyň gah­ry­man­çy­lyk­ly sö­weş hem­-de ma­ny­ly dur­muş ýo­ly ba­ra­da gür­rüň­ler be­ril­ýär. Ki­tap­da ýa­zy­ly­şy ýa­ly, Ber­di­mu­ha­met aga 1941–1945-­nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da Ki­ýe­wiň ete­gin­dä­ki al­dym-­ber­dim­li sö­weş­ler­de eder­men­lik, gaý­duw­syz­lyk gör­ke­zip, agyr ýa­ra­la­nyp­dyr we ikin­ji de­re­je­li ma­ýyp bo­lup, Wa­ta­ny­my­za gaý­dyp ge­lip­dir. Soň­ra bol­sa oba mek­de­bin­de mu­gal­lym bolup, yhlasyny gaýgyrman zähmet çekipdir. Ber­di­mu­ha­met aga ki­ta­ba uly hor­mat go­ýup­dyr. Onuň Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň goş­g­laryny ýat­dan bil­me­gi, ki­tap­syz öýi jan­syz göw­rä de­ňe­me­gi, ki­ta­ba mu­kad­des­lik hök­mün­de ga­ra­ma­gy ylym­-bilime uly ähmiýet berendiginden habar ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hem «Döw­let gu­şy» at­ly ro­ma­nyn­da ata­sy Ber­di­mu­ha­met aga­nyň akyl san­dy­gyn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň goş­gu­lar di­wa­ny­nyň uly orun tut­ýan­dy­gy­ny tä­sirli beýan edýär.

Türk­men şeý­le be­ýik şah­sy­ýet­le­ri­niň sar­pa­sy­ny he­mi­şe be­lent tut­ýar. Mu­gal­lym, es­ger, il­ha­lar yn­san Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň hal­kyň we ýur­duň öňün­de bi­ti­ren ägirt uly iş­le­ri na­zar­da tu­tu­lyp, Gök­de­pe et­ra­by­nyň Yz­gant oba­syn­da Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň ady­ny gö­ter­ýän or­ta mek­de­biň we ça­ga­lar ba­gy­nyň, şeý­le-­de paý­tag­ty­my­z­da Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň ady­ny gö­ter­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len har­by mek­de­biň tä­ze bi­na­la­ry açyl­dy. Bu bol­sa ýaşlary Wa­ta­ny­my­za, hal­ky­my­za wepalylyk ruhda ter­bi­ýe­le­mek­de mö­hüm ädim­ler­dir.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permanyna laýyklykda, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zata­sy mugallym, esger, ilhalar ynsan Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­we «Eder­men­li­gi üçin» di­ýen me­da­lyň, şeý­le hem Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň gul­lu­gy­na da­hyl­ly Rus­si­ýa­nyň har­by ar­hiwle­rin­den ýyg­na­lan ki­tap gör­nü­şin­dä­ki res­mi­na­ma­la­ryň gow­şu­rylmagy bolsa ikin­ji ja­han ur­şunyň sö­weş meý­dan­la­ryn­da tu­tuş Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne ba­şy­ny go­ýan wa­tan- daş­la­rymy­zyň be­lent sar­pa­lan­ýan­dy­gy­nyň dabaralanmasyna öwrüldi

Yz­gant oba­syn­da­ky Ber­di­mu­ha­met aga­nyň ady­ny gö­ter­ýän 27­-nji or­ta mek­dep­de döw­re­bap muzeýiň dö­re­dil­me­gi­niň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti bar. Bu ýer ýaş nesilleriň wa­tan­çy­lyk duýgu­sy­nyň ösmegini, we­pa­ly yn­san­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ni ga­zan­mak­da ter­bi­ýe­çi­lik çeş­me­si­dir. Muzeýe serhetçi esgerler bilen hem yzygider­li ge­ze­lenç­ler gu­ral­ýar. Ol ýerde ýer­leş­di­ri­len şah­sy­ýet­le­riň ömür ýol­la­ry bi­len bir ha­tar­da, Ber­di­mu­ha­met aga­nyň ata Wa­ta­ny­my­zyň ba­şy­na iş dü­şen­de ha­ky­ky türk­men og­lu­na mah­sus mert­li­gi, eder­men­li­gi gör­ke­zen­di­gi, onuň il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da Wa­tan go­ra­gy­na gi­den­di­gi ba­ra­da­ky gy­zyk­ly gür­rüň­ler es­ger­ler­de uly tä­sir gal­dyr­ýar.

Mukaddes Wa­ta­ny söý­me­giň, halka ak ýürek bilen hyzmat etmegiň be­lent nus­ga­sy­ny gör­ke­zen ussat mugallym, gaýduwsyz esger, ilhalar ynsan Ber­di­mu­ha­met Annaýewiň hemişe do­wa­ma­ty do­wa­ma­ta ýol sal­syn!

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 77
  • 05.10.2019