MAKALA

Halk hakydasynda galan ýyllar

Her gezek «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna baranyňda seni buý­sançly duýgular tolgunmaga mejbur edýär. Sen bu ýerde geçmişiň şu gün bilen serhetleşýändiginiň şaýady bolýarsyň. Seni bu ýerde ata­-babalaryň belent ruhy göbek ganyň daman eziz topraga has mäkäm baglaýar. Sen bu ýerde taryhyň sesini eşidýärsiň, şu günüň ýylysyny duýýarsyň, ertiriň bolsa nuruny görýärsiň. Çünki bu ýerdäki binalar mukaddes Watan taryhyna dikilen beýik ýadygärlikdir.

Ta­ry­hyň da­şa dö­nen pur­sat­la­ry­nyň her­si­niň öz yk­ba­ly bar. Bir pursatlyk gursagymyza diň salyp, weý­ran­çy­lyk­dan, ahy­-na­la­dan öz eziz ba­la­sy­ny as­ma­na sa­ry gö­te­rip du­ran eziz enä­niň ýa­dy­gär­li­gi­ni syn­la­lyň. 1948­-nji ýy­lyň 6-­njy okt­ýab­ryn­da­ky bu aýyl­ganç ýer yran­ma­sy müňlerçe adamlaryň ömür tanapyny kesdi. Ta­ry­hyň bu ýo­wuz sy­na­gyn­dan yk­ba­lyn­da tag­ma ga­lan adam­la­ryň bu wa­ka­ny tol­gun­man ýat­lap bil­ýä­ni ýok.

Ele­nen­de ene Ýe­riň ar­ka­sy,

Top­ra­ga ga­ryl­dy bir uly şä­her.

Yk­bal Heň­ňam bi­len gur­dy dar­ka­şy,

Has­ra­ta bo­gul­dy umyt­ly sä­her.

Bel­ki­de enä­niň per­zen­di üçin çe­kip bil­jek der­di-­da­gyn­dan be­ter dert ýok bol­sa ge­rek?! Ene goý­ny ynsanyň il­kin­ji Wa­ta­ny­dyr, il­kin­ji pe­na­kä­ri­dir, il­kin­ji hos­sa­ry­dyr. Wa­ta­ny­ňy söý­mek­lik hem il­ki bi­len se­ni şu dün­ýä ge­ti­ren eziz ene­ňi, se­ni şu de­re­je­le­re ýe­ti­ren mäh­ri­ban ata­ňy söý­mek­den baş­lan­ýar. Ene-­ata öz per­zen­di­ni go­ra­mak, howp­dan ha­las et­mek üçin şi­rin ja­ny­ny pi­da ed­ýär. Her bir Wa­tan go­rag­çy­sy hem eziz Wa­ta­ny­ny edil ene­-ata­nyň öz per­zen­di­ni sö­ýüş­le­ri ki­min söý­me­li­dir. Dün­ýä ge­ti­ren ba­la­sy­nyň sag-­sa­la­mat­ly­gy enä­niň iň el­ýet­mez bag­ty­dyr. Wa­ta­nyň asu­da­ly­gy bol­sa Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň iň be­lent bag­ty­na öw­rül­me­li­dir. «Ata Wa­tan, ene top­rak» di­ýen dü­şün­je bi­ziň aňy­my­za ýaş­lyk­dan gu­ýul­ýar. Wa­ta­ny­ňy ataň de­ýin, top­ra­gy­ňy eneň de­ýin aýap sak­la­mak ählimiziň bor­jumyzdyr.

Eziz Wa­tan şi­rin ja­nym,

Ji­ger­den söý­mü­şem se­ni!

Aý Arslanyň, Gün Göwherin,

Sö­ýen dek söý­mü­şem se­ni!

 

Al on­ki süň­ňüm, aňy­my,

Bagş edem ha­ny-ma­ny­my,

Gö­rog­lyň Öwez­ja­ny­ny,

Sö­ýen dek söý­mü­şem se­ni!

Yn­sana be­ýik de­re­je­le­re gö­te­ri­len Wa­tan­ly bol­mak­dan gaý­ry bagt bo­lup bil­mez! Türk­men hal­ky öz ata Wa­ta­ny­ny ja­nyn­dan ile­ri gö­rüp go­rap bi­len, Wa­tan bäh­bi­di­ni arap bi­len halkdyr. Mu­ňa bol­sa heň­ňam şa­ýat, asyr­lar şa­ýat, ta­ryh şa­ýat! Türk­men­­ Wa­ta­ny­ny ýa­man päl­li­ler­den go­ra­ma­gy ba­şa­ran­dyr. Se­bä­bi türk­men hal­ky­nyň aňyn­da hem ganynda na­mys hem ar di­ýen dü­şün­je­ler he­mi­şe berk orun alandyr. Çün­ki ene toprak onuň na­my­sy­dyr.

Watan ugrundaky söweşlerde şirin janyna dözüp sö­we­şen gah­ry­man­la­ry­ny hal­ky­myz uly buý­sanç bi­len ýat­la­ýar. Çün­ki sö­weşlerde hal­ky­myz öz Watanyny be­lent ru­hy bi­len go­ra­dy. Türk­men özü­niň ru­hu­ny, ar-­na­my­sy­ny berk goramagy başardy. Şeý­le se­re­de­niň­de düý­bün­den deň gel­me­ýän güýç­ler bi­len dar­ka­şa gir­mek as­la aňa syg­ma­jak zat ýa­ly. Em­ma we­lin gep Wa­tan top­ra­gy­na, na­my­sa, ara ge­len­de gaý­rat di­ýen zat yn­sa­ny göz­süz ba­ty­ra öwür­ýär. Ine, şeý­dip bi­ziň pe­der­le­ri­miz öz ne­sil­le­ri­ne Wa­ta­ny söý­me­giň be­lent nus­ga­sy­ny go­ýup gi­dip­dir­ler. Ola­ryň top­ra­ga ga­ry­lan be­lent ruh­la­ryn­dan bol­sa:

Aý­ra­lyk bol­maz, se­bäp seň,

Top­rag­ňa ja­nym ga­ta­ryn.

Kän-kän zat­syz oňa­ryn men,

Sen­siz oň­ma­ryn Wa­ta­nym! di­ýen owaz asma­na gal­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Mert­ler Wa­ta­ny beý­geld­ýär, Wa­tan bol­sa mert­le­ri beý­geld­ýär» di­ýen da­na söz­le­ri bar. Hal­ky­myzyň mert ogul­la­ry­nyň eder­men­lik­le­ri bol­sa bi­reý­ýäm­ler öz hal­ky­nyň çäk­le­rin­den çy­kyp, dün­ýä­niň ýü­re­gi­ne ýol sal­dy. Mu­ny 1941–­1945-­nji ýyl­la­ryň ur­şun­da pe­der­le­ri­mi­ziň gör­ke­zen gah­ry­man­çyly­gyn­da hem gör­ýä­ris. Bu uruş­da mer­da­na türk­men ýi­git­le­ri Je­la­led­din bo­lup, Gö­rog­ly bo­lup sö­weş­di­ler. Olar Wa­tan üçin sö­weş­di­ler! Ola­ryň ýe­ňiş sa­zy­ny diň­län­le­ri­-de bar, diň­läp bil­me­dik­le­ri­-de. Olar bi­ze asu­da­ly­gy ba­ky mi­ras go­ýup, ta­ryha öwrüldiler. Şo­nuň üçin hem ola­ryň ýag­ty ýa­dy­gär­li­gi­ne «Ba­ky ot» ýa­kyl­dy.

Bu men­zil köp je­pa ýit­gi­li men­zil,

Ju­da agyr dü­şüp­di ol ili­me.

Hut şoň üçin tas bir asyr ne­sil­ler,

Ýe­ňiş sö­zün öw­rüp ýör­ler Gim­ne.

As­lyn­da wa­tan­sö­ýü­ji­lik, wa­tan­per­wer­lik türk­men hal­ky­nyň mil­li hä­si­ýe­ti­ne öw­rü­lip gi­dip­dir. Wa­ta­ny eziz­le­mek, söý­gü­le­mek, oňa ke­ra­mat hök­mün­de ga­ra­mak hem bi­ziň ata-­ba­ba­la­ry­myz­dan gel­ýän mil­li ýol­-ýö­rel­gä­miz. Hut şo­nuň üçin hem öz ata Wa­ta­ny­ny ja­nyn­dan eziz gö­ren wa­tan ogul­la­ry hiç ha­çan unu­dyl­ma­ýar...

Gel, eş­ret­li za­ma­na­nyň, pa­ra­hat ze­mi­niň, asu­da as­ma­nyň mi­ras­da­ry! Bu soň­suz hem be­ýik taryh bi­len ýüz­be-­ýüz bol! Geçmişiňi öw­ren, şu gü­nü­ňi ma­na öwür, er­ti­ri­ňe ynam gur­sa­gyň­da gaý­na­syn. Aba­dan­lyk sa­zy­na şa­dy­ýan­ja ça­ga­jyk­lar oý­na­syn!

Goý, ilimiz hem ýur­du­myz aba­dan, er­tir­le­ri­miz ýal­kym­ly, şu gü­nü­miz has­-da şug­la­ly bol­sun! Ser­het­le­ri­miz asuda, ag­zy­bir­li­gi­miz berk bol­sun! Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ro­wa­na men­zil­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! Ze­min di­ňe asu­da­lyk şe­ma­ly­na ses­len­sin!

Akkepderim asudalyk ülkesini mekan eýläp,

Şükür bagşy sazyn çalýar ýürek sesin mukam eýläp,

Pyragynyň arzuwy deý ajap saraý, dükan eýläp,

Altyn gupba köşklerimiz gün nuruna şugla saçýar.

 

Soňlanmajak bagta ýetdik, nura doldy göwünler,

Ata-babam arzuw eden döwranydyr bu günler,

Akkepderim arşa uçýar, günüm guçýar ak güller,

Toý-toýlaýar ulus iller, günler güle-güle geçýär.

 

Gül­şi­rin Ha­no­wa.

  • 121
  • 05.10.2019