MAKALA

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy OTÝ üçin Dubaýa ugrady

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Beýrut şäherindäki «Kamil Şamun Sports Siti» stadionynda Liwanyň ýygyndysy bilen duşuşar. 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň we Aziýa kubogy ― 2023-iň (Hytaý Halk Respublikasy) saýlama tapgyrynyň çägindäki bu duşuşyk biziň milli ýygyndymyz üçin örän möhümdir. Çünki ýygyndymyzyň baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Ante Mişeniň hem birnäçe ýola nygtaýşy ýaly, Türkmenistan özi bilen deň güýçdäki garşydaşlary Liwan hem-de KHDR bilen toparçada ikinji orny eýeläp, dünýä çempionatyna gatnaşmak ugrundaky göreşi dowam etdirmäge synanyşar.

Golaýda milli ýygyndymyz 10-njy oktýabrda geçiriljek möhüm duşuşyga taýýarlyk görmek üçin Dubaý şäherine (BAE) ugrady. Bu ýerde Ante Mişeniň şägirtleri dört günlük okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirerler. Tälimçi Liwan bilen boljak resmi, soňra 15-nji oktýabrda Kuweýtiň ýygyndysy bilen boljak ýoldaşlyk duşuşygy üçin milli ýygyndymyza 23 futbolçyny çagyrdy. Olaryň 19-sy Türkmenistanyň çempionatynda, galan 4-si bolsa daşary ýurtlarda çykyş edýärler.

Daşary ýurtlarda oýnaýan futbolçylarymyzdan milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow («Lokomotiw», Özbegistan) Aşgabada gelip, ýygyndy bilen bilelikde Dubaý şäherine ugrady. Kambojanyň «Nagaworldynda» çykyş edýän başga bir ildeşimiz Amir Gurbany şol ýerden göni gatnaw bilen Dubaý şäherine milli ýygyndymyzdan bir sagat ozal bardy we şol ýerde topara goşuldy. Gyrgyzystanyň «Dordoýynda» çykyş edýän Wahyt Orazsähedow 6-njy, Gazagystanyň «Irtyşynda» oýnaýan Ruslan Mingazow bolsa 7-nji oktýabrda umumy topara goşuldy.

Futbol ýygyndymyz Beýrut şäherine 8-nji oktýabrda barar. 9-njy oktýabrda baş tälimçimiz we bir futbolçymyz metbugat maslahatyna gatnaşar. Ýeri gelende aýtsak, yzda galan iki tapgyrda iki duşuşyk geçiren türkmen futbolçylarynda 3 utuk bar. Birinji tapgyrda KHDR-nyň ýygyndysyndan ýeňlip, ikinji tapgyrda dynç alan liwanly futbolçylarda bolsa heniz utuk ýok.

  • 19
  • 07.10.2019