MAKALA

Türkmenistan — GDA: strategik hyzmatdaşlygyň täze ugry

Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde halkara hyzmatdaşlygynyň täze, netijeli ýollaryny we ugurlaryny emele getirmekde ýuкdumyzyň örän gymmatly tejribe toplandygyny belledi. Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk edýändigini, abraýly halkara guramalary, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli giňeldýändigini aýratyn nygtady.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy 1991-nji ýylda syýasy, ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer we medeni ugurlarda hyzmatdaşlygy amala aşyrmak, agza döwletleriň durmuş-ykdysady ösüşine, şeýle hem döwletara gatnaşyklara ýardam bermek maksady bilen döredildi. GDA-nyň Tertipnamasynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, Arkalaşyk agza döwletleriň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, milletara ylalaşygy, ynamy hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek ugrunda çykyş edýär. Bu guramanyň işi parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna laýyklykda goramak, özara hukuk kömegini bermek ýaly wezipeleriň ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir. Bitarap Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolup durýar. Bu hukuk ýagdaýynyň tapawutly aýratynlygy agza döwletlere guramanyň işiniň diňe aýry-aýry görnüşlerine gatnaşmaga mümkinçilik berýändiginde jemlenýär. Türkmenistan özüniň hukuk ýagdaýynyň çäklerinde Arkalaşygyň ýurtlary bilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär, taryhyň dowamynda kemala gelen, agza döwletleriň halklaryny birleşdirýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň, şol sanda her ýyl Hazar deňziniň gününe gabatlanyp Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitleriniň, birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmeginiň ähmiýetini bellemek gerek. Hut biziň ýurdumyzda Hazarýaka döwletleriň liderleriniň derejesinde däp bolan gepleşikleriň başy başlandy, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň täze binýady goýuldy. GDA-da başlyklyk etmek 2008-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Çözgüdi bilen tassyklanan degişli Düzgünnama laýyklykda amala aşyrylýar. 2019-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi agzalan Geňeşiň 2018-nji ýylyň 28-nji sentýabryndaky mejlisinde kesgitlenilipdi. Ýurdumyz şol bir wagtda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşinde, hökümet Baştutanlarynyň Geňeşinde, daşary işler ministrleriniň Geňeşinde, ykdysady Geňeşde, Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň Arkalaşygyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik ygtyýarly wekilleriniň Geňeşinde, şeýle hem GDA-nyň ykdysady Geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça Toparynda başlyklyk edýär. Türkmenistan Arkalaşyga başlyklyk etmek wezipesini GDA-nyň esas goýujy resminamalarynyň binýadynda ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşýär. Bu babatda döwletimiz 2012-nji ýylda hem nusga görkezdi we 30-a golaý çäräni geçirdi. Şonda hormatly Prezidentimiziň GDA giňişliginde iri dünýä bazarlaryna çykalgany üpjün edýän täze köpugurly ulag geçelgelerini döretmek, agza döwletleriň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde özara gatnaşygyny işjeňleşdirmek, Arkalaşygyň halklarynyň baý medeni mirasyny goramak we wagyz etmek boýunça bilelikdäki meýilnamalary işläp taýýarlamak boýunça başlangyçlary GDA ýurtlarynyň ýokary bahasyna eýe boldy we olaryň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyga täze öwüşgin çaýdy. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýurdumyz bu wezipäni ýerine ýetirmegiň çäklerinde tagallalaryny ozal kabul edilen halkara şertnamalaryny we çözgütlerini yzygiderli durmuşa geçirmäge, şeýle hem hyzmatdaşlygy köpugurly esasda alyp barmagyň we işjeňleşdirmegiň döwrebap nusgalaryny işläp taýýarlamak arkaly mazmun taýdan baýlaşdyrmaga, GDA döwletleriniň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirýär. Bu maksada ýetmekde 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda ynamy we özara düşünişmegi berkitmek, bu düzümiň çäklerinde durnuklylygy we howpsuzlygy goldamaga gönükdirilen başlangyçlara ýardam bermek ýaly ugurlary has-da ileri tutýar. Arkalaşygyň hyzmatdaşlyk ulgamynda Türkmenistan iri halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzümleri, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklaryň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Hut şeýle ýörelgelere eýermegi netijesinde, ýurdumyz dünýä derejesinde başlangyçly işjeňligi görkezýär. Milli Liderimiziň teklibi esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna la­ýyk­lyk­da, «2021-nji ýyl — Hal­kara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi aýdylanlary doly tassyklaýar. 2019-njy ýylda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen möhüm duşuşyklaryň hem-de maslahatlaryň köp sanlysy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Olar GDA ýurtlarynyň arasynda energetika, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny, şol sanda giň gerimli medeni, ynsanperwer, ylym, bilim, sport gatnaşyklaryna goldaw berilmegini we giňeldilmegini göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini geçirmek hakynda», «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda», «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumyny geçirmek hakynda» gol çeken Kararlaryna laýyklykda, GDA-nyň degişli edaralarynyň we düzümleriniň netijeli işlemegini üpjün etmek üçin zerur işleriň alnyp barlandygyny aýratyn bellemek gerek. Şu ýylyň dowamynda geçirilen GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy, Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara Utgaşdyryjy Geňeşiň mejlisi, hökümet Baştutanlarynyň Geňeşi ýaly çäreler Türkmenistanyň Arkalaşygyň ýurtlaryndaky abraýyny has-da belende galdyrdy.

Şeýle hem 13-nji sentýabrda paýtagtymyzda GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisi boldy. Arkalaşygyň bu düzüminiň hereket edip başlamagynyň şanly 20 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda nobatdaky mejlisiň Aşgabatda geçirilmeginiň özboluşly manysy bar. Munuň özi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşlygy strategik esasda ösdürmäge, çäreleri guramaga we geçirmäge gönükdirilen döredijilikli çemeleşmesiniň halkara derejesinde doly goldanylýandygyny görkezýär. Türkmenistan GDA-nyň ykdysadyýet ulgamyndaky köpýyllyk tejribesine daýanyp, ykdysady gatnaşyklary Arkalaşygyň çäklerinden daşary yklym we halkara möçberinde ösdürmäge mümkinçilik berýän hem-de ýokary tehnologiýalaryň esasynda sanly ösüşi üpjün edýän tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyny ykrar edýär. Forumyň gün tertibinde döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitlemek, şeýle hem özara peýdaly hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmak, şol sanda Arkalaşyga agza döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamanyň hem-de jemgyýetiň sanly ösüşi boýunça hyzmatdaşlygyň Konsepsiýasynyň we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak ýaly meseleler orun aldy. Netijede, maliýe, maýa goýumlary, keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, Arkalaşygyň serhetýaka ýurtlarynyň tokaýlyklarynyň ýok edilmegine garşy göreşmek ýaly derwaýys ugurlary öz içine alýan resminamalara gol çekildi, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanşyldy. Resminamalaryň 11-si GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň garamagyna hödürlenildi. Bu görkeziji türkmen paýtagtynda geçirilen ykdysady Geňeşiň mejlisiniň netijeli häsiýete eýe bolandygyny tassyklaýar.

Aşgabat ýene sanlyja günden GDA-nyň daşary işler ministrleriniň we döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini kabul eder. Ozal toplanan tejribäni nazara alanyňda, Arkalaşygyň çäklerindäki köpugurly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmakda, abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän dostlukly gatnaşyklaryň gerimini giňeltmekde bu halkara çäräniň täsirli ornunyň boljakdygy ikuçsuzdyr. Şunlukda, Türkmenistan bilen GDA-nyň hyzmatdaşlygynyň taryhynda ýene bir täze sahypa açylar.

 

Gülälek Gutlyýewa,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.

  • 27
  • 08.10.2019