MAKALA

Çempionlar ligasynyň final oýunlary

UEFA Çempionlar ligasynyň öňümizdäki 3 möwsüminiň final duşuşyklarynyň haýsy şäherlerde oýnaljakdygy mälim edildi. Şoňa görä, 2020–21 möwsüminiň finaly Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki «Gazprom Arena»-da («Krestowski»), 2021–22 möwsüminiň finaly Germaniýanyň Münhen şäherindäki «Allianz Arena»-da hem-de 2022–23 möwsüminiň finaly Angliýanyň paýtagty Londondaky meşhur «Wembley» stadionynda oýnalar. Mälim bolşy ýaly, şu möwsümiň finaly Stambuldaky «Atatürk» stadionynda geçiriler.

Zaman — Türkmenistan.

  • 18
  • 08.10.2019