MAKALA

Nobeliň lukmançylyk baýragynyň eýeleri mälim edildi

1901-nji ýyldan bäri her ýyl yzygiderli berilýän Nobel baýraklarynyň eýeleri mälim edilip başlandy. Baýrak adamzadyň ösüşine goşýan goşandy üçin lukmançylyk, fizika, himiýa, parahatçylyk we edebiýat ugurlary boýunça mynasyp iş bitiren adamlara ýa-da guramalara berilýär. Baýraklaryň ilkinjisi bolan Lukmançylyk ugrundaky baýraga William G. Kelin (ABŞ), Piter Retkliff (Angliýa) hem-de Gregg L. Semenza (ABŞ) mynasyp görüldi. Kelin Garward uniwersitetinde, Semenza Hopkins uniwersitetinde, Retklif Oksford uniwersitetinde zähmet çekýär. Baýrak gowşurylyş dabarasy dekabr aýynda geçirilýär.

 

  • 17
  • 09.10.2019