MAKALA

Nobeliň fizika baýragynyň eýeleri mälim edildi

Nobeliň fizika baýragynyň eýeleri mälim edildi. Bu baýraga kosmologiýada ýerine ýetiren işleri üçin Jim Pibls, Mişel Maýor we Didýe Kelo dagy mynasyp boldy. Jim Pibls Prinston uniwersitetinde, Mişel Maýor Ženewa uniwersitetinde, Didýe Kelo Kembrij uniwersitetinde işleýär. Baýraklar Şwesiýanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan gowşurylýar. Nobeliň baýraklary bir ýa-da has köp adama berlip bilinýär. 113-nji gezek gowşurylýan bu baýraga 47 gezek bir adam mynasyp görüldi. Şu hepdäniň dowamynda himiýa, parahatçylyk we edebiýat ugurlaryndaky baýraklaryň eýeleri hem aýan ediler.

  • 18
  • 09.10.2019