MAKALA

Tymsallar

Dosta barýan ýol

Ir zamanda bir baý adam il içinde tanalýan Kaýe Taýy diýen ulamadan uzak ýola gitmek üçin ak pata sorapdyr. Ussat:

— Bu dünýäde seniň kem zadyň ýok. Ýola gitseň, baý adamdygyň üçin seni şeýle-de gorarlar — diýipdir.

Baý adam:

— Men baýlyk baryny topladym. Ýöne ýolda ýoldaş boljak ýekeje haýyrly, wepaly adama duş gelmedim — diýipdir.

Şonda Kaýe Taýy:

— Bu seniň adamlara üns bermän, dünýä baýlygyna göz gyzdyranlygyňdandyr. Men saňa sapara däl-de, dosta barýan ýoluňa ak pata bereýin — diýipdir.

Wagt dana, ömür däne

Bir danadan ömür hakynda sorapdyrlar. Ol muňa:

— Ýaş wagtym wagt meniň yzymdan ýetip bilmeýän ýalydy. Şondan bol zat ýokdy. Indi men wagtyň yzyndan ýetip bilemok. Şondan gyt, şondan gymmat zat ýok. Sebäbi wagt dana, ömür däne. Oňa näme ekseňiz, şony hem alarsyňyz — diýip jogap beripdir.

 

Oguljemal Çaryýewa,

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.

  • 713
  • 09.10.2019