MAKALA

Türkmenistanly samboçynyň bürünç medaly

Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky III halkara sambo ýaryşynda («A» derejeli) türkmenistanly pälwan Muhriddin Bahadyrow bürünç medal gazandy. Bu barada «www.sambo.ru» saýtynda habar berilýär.

Russiýa Federasiýasynyň bedenterbiýe uniwersitetiniň talyby Muhriddin Bahadyrow 68 kilograma çenli agramda çykyş edip, ermenistanly we latwiýaly türgenlerden üstün çykdy. Ol ýarym finalda russiýaly samboçydan asgyn geldi.

Ildeşimiziň çykyş eden agramynda finalda russiýaly samboçylar duşuşdylar. Ramazan Elaýew altyn medala, Tagir Tagirow kümüş medala mynasyp boldy. Şeýle-de, russiýaly Artýom Gorkowes bürünç medal gazandy.

Däbe öwrülen bu ýaryşa 20-den gowrak döwlet gatnaşyp, ol türgenler üçin Seulda guraljak dünýä çempionatynyň öňüsyrasyndaky taýýarlyk tapgyrlarynyň biridir.

Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň kubogyna mynasyp bolana «Halkara derejeli sport ussady» diýen at dakylýar.

 

  • 15
  • 09.10.2019