MAKALA

Uçýan awtoulag öndürer

«Hyundai» kompaniýasy uçýan awtoulaglary işläp düzmäge girişdi. Täze taslamany durmuşa geçirmek üçin täze topar döredilip, oňa NASA-da birnäçe ýyl zähmet çeken Jaýwon Şin ýolbaşçylyk edýär. Şin geljek 20 ýylyň dowamynda şäherleriň howa hereketinde täsirli boljak täze tehnologiýalary işläp taýýarlajakdyklaryny belledi. «Urban Air Mobility Division» atly bölüm uçýan awtoulaglara degişli giň möçberli tehnologiýany işläp düzer.

Bilermenler uçýan awtoulaglaryň hereket edip bilmegi üçin, diňe olaryň öndürilmeginiň ýeterlik däldigini, olaryň hereketini sazlajak infrastrukturanyň hem zerurdygyny aýdýarlar. Şeýle hem geljek 20 ýylda uçýan awtoulag pudagynyň pul dolanyşygy 2 trillion dollara ýetjekdigi aýdylýar. Şol sebäpli, uçýan gatnaw serişdelerini işläp taýýarlamakda «Boeing» we «Airbus» ýaly uçar kompaniýalary bilen bir hatarda awtoulag brendleri hem taslama taýýarlaýar. «Hyundai» awtoulag senagatynda öňdebaryjylaryň biri bolup, her ýyl hil standartlaryny beýgeldýär. Häzirki wagtda bolsa, elektrokarlary işläp düzýär.

 

Zaman–Türkmenistan.

  • 14
  • 09.10.2019