MAKALA

Basketbol boýunça ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirilýär

Şu gün basketbol boýunça 2005 ― 2006-njy ýylda doglan erkekleriň we gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligine badalga berildi.

Türkmenistanyň Basketbol federasiýasyndan berlen maglumata görä, erkekleriň arasyndaky ýaryşa ýedi topar gatnaşýar. Olar deslapky duşuşyklary iki toparçada geçirerler. Has takygy, Balkan, Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň ýetginjekler ýygyndylary «A», Daşoguz, Ahal welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň iki topary (Olimp we Aşgabat II) «B» toparça wekilçilik eder.

Gyzlaryň arasyndaky ýaryşa dört topar gatnaşýar. Olar Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlaryna hem-de Aşgabada wekilçilik edýärler.

Ýetginjekleriň arasyndaky milli çempionat 13-nji oktýabrda tamamlanar. 

 

  • 20
  • 10.10.2019