MAKALA

Has çeýe robot ýasaldy

Robot önümçiligi bilen meşgullanýan ABŞ-nyň «Boston Dynamics» şereketi dünýäniň iň «çeýe» adamsypat roboty hasaplanýan «Atlas»-a aşyr atmak we beýleki kyn hereketleri ýerine ýetirmegi öwretdi. Şereket bu adamsypat robota has çylşyrymly hereketleri «öwretmek» üçin täze usullardan peýdalanypdyr. Bu usul arkaly «Atlas» beýleki zatlaryň hereketlerine seredip, çaklama esasynda özbaşdak hereket edýär. Ykjam gidrawlik ulgamy bilen üpjün edilen «Atlas»-yň hereketlendirijileri onuň çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirmegine ýardam edýär. Sekuntda 1,5 metr tizlik bilen hereket edip bilýän robot bökeninde we aşyr atanynda deňagramlylygyny saklap bilýär. Onuň bölekleri üç ölçegli çap arkaly öndürilipdir. Uzynlygy 1,5 metre, agramy 80 kilograma barabar bolan «Atlas» gözegçilik ulgamy arkaly çylşyrymly hereketleri gaýtalap bilýär. Robot önümçiliginde öňdebaryjy şereketleriň biri bolan «Boston Dynamics» dürli maksatlar üçin niýetlenen birnäçe robot işläp taýýarlaýar. Mysal üçin, «Spot» atly roboty basgançakdan ýokary çykyp bilýär, tekiz bolmadyk ýerlerde ýöräp bilýär we 14 kilograma çenli ýük göterip bilýär.

 

  • 19
  • 10.10.2019