MAKALA

Nobeliň Himiýa baýragynyň eýeleri mälim edildi

7-nji oktýabrda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda başlan Nobel hepdeliginiň çäklerinde Nobeliň himiýa boýunça baýragynyň eýeleri mälim edildi. Bu baýraga amerikan fizigi Jon Gudenaf, britan himigi Stenli Wittigem hem-de ýaponiýaly Akiro Ýoşino mynasyp boldy. Alymlar häzirki wagtda elektromobillerde, smartfonlarda we beýleki elektron enjamlarda giňden ulanylýan litiý-ion batareýalaryny kämilleşdirmekde bitiren hyzmatlary üçin bu baýraga laýyk görüldi. Ilkinji litiý-ion akkumulýatorlar 1990-njy ýyllarda peýda bolupdy. Alymlara jemi 900 müň dollardan gowrak pul baýragy gowşurylar.

 

  • 34
  • 14.10.2019