MAKALA

Dikligine eplenýän telefon

«Samsung» we «Huawei» kompaniýalary eplenýän telefonlaryny tanyşdyran hem bolsalar, entek satuwa çykarmadylar. «Lenovo» kompaniýasy bolsa, eplenýän telefonyň has başgaça görnüşini çykarmaga taýýarlanýar. Beýlekilerden tapawutlylykda ol keseligine däl-de, dikligine eplenýär. Smartfonyň indiki ýylyň başynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Enjam eplenende ýokarky çarçuwanyň, öňki kameranyň we ses gataldyjynyň üsti ýapylmaýar. Telefonyň yz tarapynda hem barmak yzyny okaýan goşmaça sensor bar.

 

Zaman Türkmenistan.

  • 29
  • 14.10.2019