MAKALA

Sumerler hakda söhbet

O.Süleýmenow: «Şumer dili b.e. öňki IV müňýyllykda ýüze çykypdyr. Şumer Wawilon sillabirileri (bogunlardan düzülen ýazuw ulgamy — B.A.) bolsa, b.e. öňki VI asyra degişlidir» diýip takyklaýar. Diýmek, entek sumerleriň hemmesi öz ata ýurtlaryndan — Günorta Türkmenistanyň dag etegindäki bol suwly ýaýlalardan göçüp ýetişmänkäler, olarda dil ulgamy bolupdyr. Bu bolsa sumerlerde ilkinji adalgalaryň (mysal üçin, Anu, Gatar, kerpiç) hut şu ýerde dörändigine hem-de biziň wagtymyza çenli saklanyp galandygyna şaýatlyk edýär.

Sumer-Akkad mifologiýasynda Anuwyň keşbi «Asman Taňrysy» hökmünde berlipdir. Ol öküz şekilinde bolup, meşhur «Gilgameş» (Bilge, bilgir, köp bilýän) eposynyň baş gahrymanlarynyň biridir. Bu meşhur eserden bir parçany getireliň:

«Gilgameş hemmesini gördi, Hemmesini synady. Ýapyk syry soňuna dek düşündi, Suw almaklyga çenli näme bolanyny — Parasatlylygy, tutuş geçmişi».

Ýokarda hem nygtaýşymyz ýaly, sumerlerde hatyň ilkinji alamatlary b.e. öňki VI asyrda döräpdir. Hut şonuň üçin b.e. öňki 2500-nji ýyllyga degişli «Faradaky» (Hudaýlaryň sanawy) sanaw edil beýlekilerde bolşy ýaly, Anuwyň ady bilen açylýar. Anuwyň ady beýleki hudaýlaryň atlarynyň öňünde determinatiw (filosofiýada ähli hadysalaryň, wakalaryň kanunalaýyklygy we sebäp şertliligi hakyndaky taglymat) hökmünde goýulýar. Ol Mesopotamiýanyň Urug şäheriniň baş hudaýy bolup, hemişelik derejesi «Hudaýlaryň atasydyr».

Emma «Enuma eliş» atly akkad poemasynda ol Anşaryň we Kişaryň ogly hökmünde berilýär. Gadymy Urug şäherindäki Ak ybadathanada Anuwyň (öküziň kellesi — B.A.) hatyrasyna mermerden ýadygärlik bina edilipdir. Altyndepede bolsa ol sap altyndan guýlandyr. Meşhur amerikan gündogarşynasy S.N.Kramer: «Şumerleriň we akkadlaryň bize gelip ýeten rowaýatlarynda, ilkinjiden, Älemi döretmek we gurmak, hudaýlaryň dogulmagy, olaryň gazaply we mähirli häsiýetleri dogrusynda gürrüň edilýär» diýip belleýär.

Şu ýerde ýene bir bellemeli zat: sumerlerde Enki hudaýyna uýulmasy ýörgünli bolupdyr. Muny S.N. Kramer şeýle teswirleýär: «Has mazmunly we takyk sumermiferiniň biri sumerlerde suwuň, şeýle-de parasatlylygyň hudaýy, Älemde tertibi ýola goýan Enkä bagyşlanypdyr. Mif Enkä bagyşlanan öwgüli sena bilen başlanýar». Onuň adynyň birinji «an» («en») bölegi ýer, toprak manysyny aňladýar. Enki Älemdäki gury ýerlere gözegçilik edipdir, hasyllylyk, ekinzarlyk, ter çemenli baglaryň güllemegi diňe şoňa bagly bolupdyr.

Belli sungatşynas L.I.Rempel sumerleriň türki halklar bilen ýakynlygy hakyndaky Günbataryň alymlarynyň öňe süren ylmy nazaryýetlerine örän şübheli garapdyr. F.Groznyý bu babatda şeýle teswirleýär: «Megerem, hemmeleriň şaýatlyk edişi ýaly, iň gadymy wagtlarda şumerler b.e. öňki VI müňýyllykda we has irräk Türküstanda (şol sanda Günorta Türkmenistanda — B.A.), ýa-da Gazagystanda ýaşapdyrlar». F.Groznyý Orta Aziýadan ilkinji akym bolup giden sumerleriň antropologiki aýratynlyklaryny hem belläpdir. Onuň ýazmagyna görä, sumerleriň birinji akymynyň wekilleri süýri kelleli ilaty bolupdyr.

Aslynda, Änewiň, Namazgadepäniň, Göksüýriniň we Altyndepäniň iň gadymy oguzlaryň ýurdy bolandygy şübhesizdir. Ýeri gelende aýtsak, bu nazaryýet hakynda ozal hem alymlar tarapyndan dürli garaýyşlar öňe sürlüpdi. Günorta Türkmenistanyň gadymy ekerançylygynyň taryhyny derňän paleobotanik G.N.Lisisina şeýle belleýär: «Bu sebitde (Günorta Türkmenistanda — B.A.) ekerançylygyň we maldarçylygyň emele gelmegi b.e. öňki VI müňýyllykda bolup geçipdir».

Eger-de, gadymy ekerançylygyň ilkinji şineleri neolitde (b.e. öňki VII müňýyllykda) ýüze çykan bolsa, eneolitde (b.e. öňki V müňýyllygyň ikinji ýarymynda) ol doly ýola goýlupdyr.

Akademik W.I.Wawilowyň maglumatlaryna görä, topragyň 640 sany örän möhüm medeni ekinleri, däneli we miweli ösümlikleriň 500-e golaýy Aziýadan gelip çykandyr. Ol Aziýanyň çäklerinde medeni ösümlikleriň döreýşiniň 5 merkezini kesgitledi. Muny G.N.Lisisina: «Bäşinji merkez özüne Kiçi Aziýany, Zakawkazýäni, Eýrany we Günbatar Türkmenistany girizýän Günorta-Günbatar Aziýadyr. Ol, esasan, özüniň dürli kesellere garşy durup bilýän bugdaý görnüşleri bilen meşhur» diýip ýazýar.

Belli bolşy ýaly, iň kämil zähmet gurallary diňe irki eneolitde ýüze çykýar. Meşhur alym, professor G.F.Korobkowanyň ýazmagyna görä, Jeýtundan — Çakmaklydepeden «hassuan» (Demirgazyk Mesopotamiýadaky neolit zamanynyň ekerançylyk medeniýeti — B.A.) görnüşli 2 sany daşdan ýasalan kätmen tapyldy. Mundan başga-da, gadymy pederlerimiz topragy ýumşatmak üçin halka görnüşli daşlary, agaçdan bejerilen kätmenleri peýdalanypdyrlar. Gadymy Mesopotamiýa seredeniňde, meňzeşligi boýunça ol ýylgyndan ýasalypdyr.

Şu ýerde Gadymy Mesopotamiýanyň ekerançylygy hakynda D.G.Rederiň we Ý.A.Çerkasowanyň maglumatyny getirmekçi: «Eneolitde daş-töweregi batga bilen gurşalan azajyk ýerlerde bakja önümleri (sarymsak, sogan, hyýar) ekilipdir. Iki derýalygyň esasy iýmişli bagy bolan finikiýe palmasy örän ir ekilip başlanypdyr. Şol sanda künji ekilipdir».

Günorta Türkmenistanda eneolitde ekerançylyk ýerlerini özleşdirmek, topragy taba getirmek üçin iri şahly mallaryň (öküz) kömeginden peýdalanypdyrlar. Pederlerimiz batgadan (esasan, uzaga çekýän ýagyndan soň) sähel tapawutlanýan topragyň üstünden iri şahly mallary geçirip-depeledip, ony ýumşadypdyrlar. Bellenmeli ýagdaý, şu usulyň ulanylan ýerinde el zähmeti gerek bolmandyr. Ýöne bu usulyň Gadymy Sumerde ulanylmandygy sebäpli, öküze Anuwa uýulmasy ilki Günorta Türkmenistanyň şekillendiriş sungatyna b.e. öňki V müňýyllygyň ahyrynda ornaşyp ugrapdyr.

Akademik W.M.Massonyň ýazyşy ýaly: «Günorta Türkmenistandan öküziň keramikadan ýasalan heýkelleri baryp b.e. öňki VI müňýyllygyň irki ekerançylarynyň ýadygärliklerinden tapylýar we b.e. öňki V-VI müňýyllyklardaky ilatly ýerlerde köp duşýar».

Sumerleriň «Gilgameş» eposy hem düýpli seljermelere mynasyp eser. Eposda mifiki ugra ýykgyn edilýän hem bolsa, onda Injiliň sýužetleri — Asman we Zeminiň ýaradylyşy, Nuhuň tupany hakyndaky maglumatlarda beýan edilýär.

Umuman, sumerleriň Günorta Türkmenistanyň çäklerinde galdyran yzlary ýörite derňewlere mynasyp bolmagynda galýar. Eger-de, gözlegler mundan beýläk hem dowam etdirilse, täze delilleriň hem-de subutnamalaryň ýüze çykjakdygyna şübhelenmese bolar.

Bäşim Annagurbanow,

arheolog.

  • 35
  • 15.10.2019