MAKALA

Çarçuwasyz telewizorlaryny tanyşdyrar

«Samsung» kompaniýasy diňe mobil enjamlary däl, eýsem, öý hojalyk enjamlarynyň dürli görnüşlerini hem öndürýär. Koreý kompaniýasy indiki ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek «CES 2020» sergisinde «Zero Bezel» atly telewizory tanyşdyrmaga taýýarlyk görýär. Bu telewizor soňky wagtlarda ýüzüni tutuşlygyna ekran tutýan smartfonlar ýaly çarçuwasyz bolar. Kompaniýanyň häzirki wagtda öndürýän telewizorlary hem çarçuwasynyň insizligi bilen tapawutlanýar. Şeýle hem «Samsung» golaýda 32:9 ölçeginde ultra giň 49 dýuýmlyk QLED monitoryny tanyşdyrdy. Täze telewizor 2020-nji ýylyň 7-10-njy ýanwarynda ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde geçiriljek elektron enjamlaryna bagyşlanan halkara sergide görkeziler.

 

  • 27
  • 16.10.2019