MAKALA

«Oppo» şereketiniň «Reno Ace» atly täze smartfony 30 minutda 100 göterim zarýad alýar

«Oppo» şereketi «Reno Ace» atly smartfony köpçülige tanyşdyrdy. Bu mobil enjam bary-ýogy 30 minutda 100 göterim zarýad alýar. Oňa 5 minut zarýad berlende batareýasynyň görkezijisi 27 göterime ýetýär. Beýleki aýratynlyklary barada aýdylanda bolsa, enjamyň 8GB we 12GB RAM-ly iki görnüşi bar. Onuň içki ýadynyň göwrümi 128 GB hem-de 256 GB. «Oppo Reno Ace-iň yzynda 4, öň tarapynda bir kamerasy bar. Yzky kameranyň iň güýçlüsi 48MP durulygynda, öňki kameranyň durulygy 16MP. Enjam, ilkinji nobatda, Hytaýda, soňra dünýä bazarynda satuwa hödürlener».

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

  • 23
  • 17.10.2019