MAKALA

Serhetçi türgenimiziň gazanan üstünligi

Ýakynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň guramagynda sportuň kiçi tennis görnüşi boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy Igor Azarow hem gatnaşyp, 1-nji baýrakly orna mynasyp boldy. Bu üstünligi serhetçi türgenimizi beýleki ýaryşlara has-da ruhlandyrdy.

Igor Azarow öz gullukdaşlarynyň arasynda geçirilýän ýaryşlarda-da baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başarýar. Serhetçi türgenlerimiziň geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagynyň gözbaşynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň sport ulgamynda döredip berýän çäksiz mümkinçilikleri bar. Şol mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan serhetçi türgenler türgenleşip, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, Döwlet tugumyzy al-asmana galdyrýarlar. Türkmen türgenlerimize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent serkerdebaşymyza köp sagbolsun aýdýarys.

   

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 32
  • 17.10.2019