MAKALA

Sanly bilim ulgamy ösdürilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan işleriniň hatarynda, ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda ýaşlaryň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrugmagy, Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýaşlaryň sowatly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyna hem bu babatda dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmakda iňňän uly özgertmeler amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, bilim, ylym ulgamlarynda gazanylan üstünliklere esaslanyp, milli bilim ulgamynyň ösdürilmelidigini, bilimli, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmek milli bilim ulgamynyň ýolbaşçylarynyň, ähli bilim işgärleriniň, ilkinji nobatda bolsa, mugallymlaryň örän möhüm wezipesi bolup durýandygyny alym Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynda nygtady. Munuň özi ýaşlaryň ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi we dünýä ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşandyny goşmagy üçin döwlet tarapyndan ähli şertleriň döredilýändiginiň hem-de bu meseläni mähriban Arkadagymyzyň mydama üns merkezinde saklaýandygynyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň şanly Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny has-da berkitmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny barha ýokarlandyrmak, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmak ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ýurdumyzda hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil nesli kemala getirmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäniň ýerine ýetirilmeginde ýaşlara berilýän bilimiň şahsyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün edilmegine, döwrüň ýokary talaplaryna laýyk bolmagyna, okuw-terbiýeçilik işleriniň döwrebap ylmy esasda alnyp barylmagyna gönükdirilen esasy ýörelgeleriň durmuşa geçirilmeginden ugur alynýar. Bu ýörelgeleriň esasynda milli we dünýä tejribeleri öwrenilýär we bilim edaralaryna işjeň ornaşdyrylýar. Şonuň bilen birlikde häzirki zaman okuw-tehniki serişdeleriniň, şol sanda multimedia, lingafon, tejribe-barlag enjamlarynyň okuw-terbiýeçilik işinde giňden peýdalanylmagy gazanylýar. Halkara maslahatlardyr döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti sanly bilim ulgamynyň üsti bilen giňden ornaşdyrylýar.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmek ýaly amatly şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Bilim hakynda» we «Elektron resminama hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, şeýle hem «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet sy­ýa­sa­ty­nyň 2015 — 2020-nji ýyl­lar üçin döw­let Maksatnamasyna» we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna esaslanyp, yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär. Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Konsepsiýanyň ýörelgeleriniň amala aşyrylmagy okuw işiniň täze gör­nü­şi­ni — san­ly oku­wyň bi­lim ulgamyna ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Sanly okuwy durmuşa geçirmegiň çäklerinde anyk okadylýanyň isleglerine we ukyplaryna laýyklykda guralýan çeýe bilim maksatnamalary ýerine ýetirmek, uzak aralykdan toparlaýyn we hususy sapaklaryň hem-de maslahatlaryň, şeýle hem bu görnüşdäki beýleki çäreleriň rugsat berlen guramaçylyk görnüşleriniň sanawyna girizilmegini üpjün etmek, aýry-aýry halatlarda bilim resminamalarynyň, olaryň elekt­ron nus­ga­la­ry­nyň (syn­pyň elekt­ron žurnaly, elektron öý işi we beýlekiler) doly ýa-da bölekleýin çalşylmagynyň düzgünleýin esasda berkidilmegini hem-de sanly bilim ulgamynyň gorlaryndan peýdalanmagyň elýeterliliginiň giňeldilmegini gazanmak zerur bolup durýar.

Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň bilim işinde netijeli we esasly ulanylmagynyň usulyýetlerini işläp taýýarlamak wezipesini çözmek esasy işleriň biridir. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň netijeli ulanylmagy bilim işine gatnaşyjylaryň sarp edýän wagtyny ep-esli kemeltmegi, bilim işiniň görkezme häsiýetliligini baýlaşdyrmagy, ýaşlaryň okuwa bolan höwesini artdyrmagy (mysal üçin, wideoproýektoryň kömegi bilen ýokary hilli okuw maglumatlary görkezilende) göz öňünde tutýar. Konsepsiýa toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, bilim ulgamyny maglumatlaşdyrmagyň ähli ugurlary boýunça ylalaşykly hereketleriň zerurlygyny we bu ugurlaryň meýilleşdirilmegini göz öňünde tutýar.

Umuman, Türkmenistan döwletimizde ýaşlaryň milli we halkara standartlarynyň häzirki zaman talaplarynyň derejesinde ýokary hilli bilim hyzmatlaryny almagy üçin deň mümkinçilikler döredilýär, olar bolsa sanly maglumat jemgyýetindäki durmuşa uýgunlaşan şahsyýeti kemala getirmegi şertlendirýär. Bilim we bilimi dolandyryş edaralarynyň ählisi ýokary tizlikli, giň zolakly tor aragatnaşygy bilen üpjün edilýär. «Bulutlaýyn» tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly Türkmenistanyň bitewi sanly maglumat-bilim gurşawy döredilip, uzak aralykdan okatmak ulgamynyň giň ösüşe eýe boljakdygy şübhesizdir. Bilim bermegiň häzirki zaman usullarynyň biri bolan uzak aralykdan bilim almak görnüşi ýurdumyzda raýatlaryň üznüksiz bilim we hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Bu il-ýurt bähbitli işlerde ýaşlaryň bagtyýarlygyny, saglygyny ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň ägirt uly tagallasy bar.

Goý, beýik ösüşlere beslenen giň möçberli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýän alym Arkadagymyzyň beýik işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!

 

Mähri Öräýewa,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.

  • 33
  • 18.10.2019