MAKALA

Päk ýürekli çaga

Uzak wagtlap ýagyş ýagmadyk obanyň ekin-dikinlerinde kynçylyk ýüze çykypdyr. Ol ýeriniň ýaşaýjylary ybadathana ýygnanyp, ýagşyň ýagmagy üçin köpçülik bolup dileg etmegi karar edipdirler. Gelýänlere goşulyp bir kiçijik gyzjagaz hem gaýdyberipdir. Her kimiň aladasy ýetik bolany üçin oňa hiç kim ünsem bermändir. Adamlaryň arasyna gelip dileg etmek çaganyň päk arzuwy bolupdyr. Şol wagt adamlaryň biri:

— Bujagaz körpe meniň göwnüme dokundy! — diýipdir. Şol wagt ähli kişi onuň eliniň görkezýän tarapyna seredipdir.

Şol pursat bir goja şeýle diýipdir:

— Bu gün biz bu ýere ýagşyň ýagmagy üçin dileg etmäge ýygnandyk. Ýöne gelenlerden diňe bujagaz gyz saýawanly gelipdir!

Ähli duranlar ony üns bilen synlamaga durupdyr. Dogrudanam, onuň duranja ýerinde, oturgyjynyň bir gapdalynda gyzyl reňkli kiçijik saýawan asylgy duran eken. Şol pursat ümsümlik aralaşyp, hiç bir adamdan ses çykmandyr. Sebäbi duranlaryň ählisiniň gözüne ýaş aýlanypdyr. Naşyja ellerini berk baglap, gözlerini çyny bilen ýumup dileg edýärdi.

Käwagtlar biz çagalara heniz körpejediklerine garamazdan: «Beh, dogrudanam ulalypsyň» diýip, olara uly adam ýaly garaýan pursatlarymyz az bolmaýar. Çünki olaryň söýgüleri we ynançlary özlerinden has hem uludyr!

Hytaý dilinden terjime eden

Mähriban Gelenowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

  • 37
  • 18.10.2019