MAKALA

Üstünligiň höwri köp bolsun!

Golaýda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň gurnamagynda sportuň hapbido görnüşi boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryşa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, sport mekdepleriniň türgenleri gatnaşyp, dürli agramlyk derejelerde güýç synanyşdylar. Ýaryşa ezber türgenleriň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy Serdar Çaryýew hem gatnaşdy. Serhetçi türgenimiz ýaryşda 80 kilogram agram derejesinde çykyş edip, baýrakly 1-nji orna mynasyp bolmagy başardy. Gullugymyzyň türgeni Serdar Çaryýew sportuň karate, sambo, türkmen milli göreşi görnüşleri boýunça geçirilýän Türkmenistanyň açyk çempionatlarynda, birinjiliklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýär. Biz hem serhetçi türgenimizi gazanan üstünligi bilen gutlap, oňa geljekde ýurdumyzda, halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 32
  • 18.10.2019