MAKALA

Çempionat barada

Merkezi Aziýanyň merjeni hasaplanýan Aşgabat ak mermer şäheri hökmünde tanalýar. Aşgabat şäheriniň köp gelşikli atlary bar. Merjen şäher Aşgabat, Ak mermer şäher Aşgabat, Aşyklaryň şäheri Aşgabat we ş.m. 

Soňky ýyllarda Aşgabat - Sagdynlygyň, Ruhubelentligiň we Dostlugyň şäheri diýen sözleri hem eşitmek bolýar. Çünki Aşgabat indi sport şäherine öwrülýär. Ýyl-ýyldan bu ýerde geçýän halkara derejeli sport ýaryşlaryň sany we derejesi artýar. Häzirki günlerde güneşli Aşgabat agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul etmäge taýýarlyk görýär.

Bu Dünýä çempionaty 2018-nji ýylyň 28-nji oktýabryndan 10-njy noýabry aralygynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň halkara ülňülerine laýyk gelýän ajaýyp sport desgalarynda geçer. Bu desgalarda köp sanly halkara sport ýaryşlary, şol sanda olaryň içinde iň irisi bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirildi we bu desgada islendik görnüşli sport ýaryşlaryny geçirmeklik üçin doly mümkinçilikleriň bardygy subut edildi.  

Dünýä çempionatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen Dünýä çempionatynyň Guramaçylyk komiteti döredildi we eýýäm birnäçe aý bäri taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Meýilleşdirilişine görä Aşgabatda geçiriljek Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyna häzirki gün 100-den gowrak döwletden 1000-e golaý türgenleriň we tälimçileriň gatnaşmaklygyna, mundan daşary hem Halkara Agyr atletika federasiýasynyň dürli halkara sport guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýüzlerçe wekilleriniň gelmekligine garaşylýar.

Olaryň oňaýly ýerleşmekleri üçin häzirki wagtda Olimpiýa şäherjiginiň myhmanhanalary we «Sport» myhmanhanasy göz öňünde tutulýar. Şol sanda, häzirki meýilnamalara görä «Sport» myhmanhanasynda Halkara Agyr atletika federasiýasynyň kongresiniň, Federasiýanyň degişli komitetleriniň mejlisleriniň we başga-da birnäçe ýygnaklaryň geçirilmekligi meýilleşdirilýär.

Ýaryş Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynyň içinde sport ýaryşlaryny iň köp kabul eden Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilier. Bu ýerde Türgenler, tehniki wekiller we eminler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaryşa gelýänleriň aglaba bölegini düzýän tomaşaçylar üçin ähli şertler dörediler. tomaşyçylar üçin 1500-e golaý ýerler, türgenler we akkreditirlenen sport işgärleri üçin ýerler, media wekilleri we ýokary derejeli myhmanlar üçin ýerler, iş otaglary, ýygnak geçirmeklik üçin otaglar, lukmançylyk hyzmatyny edýän nokatlar, ýazynma-gyzynma zallary, dynç-alyş otaglar we beýlekileriň ählisi ýokary derejede gurnalar.

Aşgabatda geçiriljek bu ýaryşyň iň ýokary derejede gurnalyp, şowhunly, şatlykly we gyzykly geçirilmegi, şeýle hem her bir ýaryşa gatnaşyjyda ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalar galdyrmak üçin Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynyň Guramaçylyk komiteti uly yhlas bilen zähmet çeker.

  • 37
  • 27.10.2018