MAKALA

Sürüjisiz ýük ulagy

«Scania» kompaniýasy gurluşyk meýdançalarynda ulanmak maksady bilen sürüjisiz hereket edýän AXL atly ýük ulagyny tanyşdyrdy. Sürüji üçin kabina göz öňünde tutulmadyk nusgalyk ulag bioýangyç arkaly işleýär. Bu ýangyç alternatiw çeşmelerden öndüriler. Şwed kompaniýasy sürüjisiz ulaglaryň köpçülikleýin önümçiligini ilkinjileriň hatarynda ýola goýmak üçin tagalla edýär. Golaýda kompaniýa awtonom hereket edýän awtobusyny hem tanyşdyrypdy. Mundan ozal beýleki kompaniýalar hem sürüjisiz ýük ulaglarynyň nusgalyk görnüşlerini tanyşdyrypdy.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

 

  • 31
  • 18.10.2019