MAKALA

Otluda uçmaga taýýar boluň!

Ähli pudaklarda dünýäniň iň öňdebaryjy döwletleriniň biri hasaplanylýan Hytaý öz ýolagçylaryny barmaly ýerlerine tiz wagtda eltmegiň aladasynda. Ýurtda 2020-nji ýylda ulanylmaga beriljek wakuum trubinasynyň içinde magnit ýassyga eýe bolan, sagatda 600-1000 kilometr tizlik bilen hereket edýän otlular üçin demir ýoluň gurluşygy ýola goýuldy. Magnit ýassykly otly — «Magnew» elektromagnit meýdanynyň güýji bilen hereketlendirilip, elektromagnit trubinasyny yzarlap, uly tizlikde ýol aşar. Mahlasy, onuň tizligi dikuçarlaryň tizligi bilen deň derejede bolar. Şeýle demir ýollaryň ilkinjisi 2002-nji ýylda Şanhaý şäheriniň merkezi bilen Pudong aereportunyň aralygynda gurlupdy. Onuň tizligi sagatda 430 kilometre deň bolup, uzynlygy 30 kilometrdir.

Suraý Hakberdiýewa,

talyp.

  • 26
  • 20.10.2019