MAKALA

Kosmiki gämi

«SpaceX»-iň esaslandyryjysy Ilon Mask planetalaryň aralygynda gatnamak üçin gurlan täze kosmiki gämisiniň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. «Starship» diýlip atlandyrylan bu gämi Gün ulgamynda ekipažy bilen bilelikde birnäçe uçuşlary amala aşyrmaga niýetlenilendir. «SpaceX»-iň uçuş meýdançasynda täze enjamy uçuryş dabarasynda Ilon Mask onuň 20 kilometre göteriljekdigini, biriki aý kosmosda aýlanyp, soňra Ýere dolanjakdygyny belläp geçdi. Täze kosmiki gäminiň uzynlygy 50 metr bolup, agyrlygy, takmynan, 120 tonna golaýdyr.

Mämmetguly Mämmetgulyýew, talyp.

  • 23
  • 20.10.2019